“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” howa kärhanasy Aşgabat – Kazan ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi. T5-733 belgili ugur bilen Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) paýtagtlarynyň arasynda yzygiderli howa gatnawy açyldy.
Indi Aşgabatdan Wolga derýasynyň boýundaky şähere hepdäniň 3-7-nji günleri boýunça häzirki zaman howa ulaglarynda uçup bolar.
Ýolagçylar we türkmen uçarmanlarynyň wekiliýeti, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary Kazana ilkinji uçuşa iň täze “Boeing-737-800” uçarynda ugradylar. Bu uçar şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Halkara howa menziliniň dabaraly açylan mahaly “Türkmenistan” howa kärhanasyna getirildi.
Ýurdumyzyň uçarmanlary yzygiderli halkara uçuşlaryň gerimini hemişe giňeldýärler hem-de bar bolan ugurlarda uçuşlaryň ýygylygyny we gatnatmagyň möçberlerini artdyrýarlar. Häzir “Türkmenhowaýollarynyň” nyşany bolan uçarlara Moskwanyň we Londonyň, Frankfurtuň we Birmengemiň, Bangkokyň we Deliniň, Abu-Dabiniň we Amritsaryň, Pekiniň we Stambulyň howa menzillerinde duşmak bolýar. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň wekilhanalary GDA-nyň ýene-de iki şäherinde, ýagny Belarusuň Minsk we Gazagystanyň Almaty şäherlerinde açyldy.
Soňky wagtda “Türkmenistan” kärhanasynyň uçarlary Pariže uçup başlady. Şu ýylyň başynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara we Latwiýanyň Riga paýtagt şäherlerine täze howa ugurlary açyldy. Ýakyn wagtda Eýran Yslam Respublikasyna hem-de Italiýanyň Milan şäherine ýolagçy uçuşlaryny guramak baradaky meselä garalar.