ABŞ-nyň uçar ön­dür­ýän bel­li kom­pa­ni­ýa­sy “Boeing” Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len umu­my ba­ha­sy 16,6 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de 80 sany uçar sat­mak ba­ra­da yla­la­şy­ga gol çe­kiş­di. Bu ba­ra­da “The Wall Street Jo­ur­nal” ga­ze­ti ha­bar ber­ýär.
Eý­ran “Iran Air” ho­wa ­ýol­la­ry kom­pa­ni­ýa­sy bi­len “Boeing” şe­re­ke­ti­niň ara­syn­da­ky bu yla­la­şyk köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň hem ün­sü­ni çek­di. ABŞ-nyň hö­kü­me­ti şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da “Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy­na Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na uçar sat­mak ba­bat­da gep­le­şik­ler ge­çir­mä­ge rug­sat be­rip­di.
Şeý­le hem şu hep­dä­niň do­wa­myn­da Rus­si­ýa bi­len Eý­ra­nyň ara­syn­da-da uly yla­la­şyk ýola goýuldy. Iki ýur­duň hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň mej­li­si­niň çäk­le­rin­de umu­my ba­ha­sy 2,5 mil­liard dol­lar möç­be­rin­dä­ki elekt­rik be­ke­di­ni gur­mak hem-de de­mir ýol ul­ga­my­ny elekt­rik­leş­dir­mek ba­bat­da şert­na­ma gol çe­kil­di.
Bu ýer­de gür­rüň Ban­dar-Ab­bas­da elekt­rik be­ke­di­ni gur­mak we Garm­sar-In­çe Bu­run de­mir ýo­lun­y elekt­rik­leş­dir­mek ba­ra­da bar­ýar.