“Apple”-iň mobil töleg hyzmaty “Apple Pay” 2014-nji ýylda ulanyşa hödürlenende, onuň esasy maksady gapjygyň ýerini tutmakdy. Şol sebäpli müşderileriniň kartyny we beýleki maglumatlaryny belläp goýýan applikasiýasyny “Wallet” (gapjyk) diýip atlandyrypdy. Onuň ilkinji hödürlän hyzmaty müşderileriň bank kartlaryndaky pullar bilen töleg tölemegine mümkinçilik berýärdi. Soňra bolsa, gatnaw we beýleki tölegleri hem bu applikasiýa arkaly tölemäge mümkinçilik döredilipdi.
Ýaňy-ýakynda “Apple” pul ugratmak we kabul etmek hyzmatyny hödürleýän “Square Cash” bilen hem hyzmatdaşlyk edip başlandygyny mälim etdi. Şeýlelikde, “Apple Pay” ulanyjylary haýsydyr bir beýleki ulanyja pul geçirip bilerler.
“Wallet”-iň müşderileriniň gapjygynyň ornuny almagy üçin täze taslamalar hem işläp taýýarlanýar. Eýsem müşderiler, islendik bir zady satyn alanlarynda “Apple Pay” bilen hasaplaşsalar, gapjykdaky beýleki zatlary näme etmeli?! Mysal üçin, karz petekleri, sürüjilik şahadatnamasy… “Apple Pay”-iň ýolbaşçysy Jennifer Baýli gapjykdaky ähli zadyň elektron görnüşiniň boljakdygyny aýdýar.
Birnäçe ýurtda hödürlenýän “Apple Pay” hyzmaty Ýaponiýada has hem ýaýbaňlanýar. Bu ýurtda jemgyýetçilik ulaglarynda peýdalanylýan we haryt satyn alnanda ulanylýan kartlary öndürýän “Suica” bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şeýlelikde, ýurduň ýaşaýjylary “Suica”-nyň hyzmatlaryndan “iPhone” arkaly peýdalanyp bilerler.
Bu ýurtda “Apple Pay”-iň ulanyjylarynyň sany bir milliondan gowrak.