Fut­bol­çy­la­ra ýe­ke­lik­de gow­şu­ryl­ýan iň ab­raý­ly sy­lag ha­sap­lan­ýan “Bal­lon d’Or” ýa-da baş­ga­ça aý­dy­lan­da, “Al­tyn top” baý­ra­gy­nyň bu ýyl­ky eýe­si por­tu­ga­li­ýa­ly su­per ýyl­dyz Kris­tia­no Ro­nal­do bol­dy. “Re­al Mad­ri­diň” oýun­çy­sy bu ugur­da “bar­se­lo­na­ly” Lio­nel Mes­siden hem-de “at­le­ti­ko­ly” An­tu­an Griz­mann­dan öňe saý­lan­dy. Şun­luk­da, 31 ýa­şyn­da­ky oýun­çy 4-nji ge­zek “Al­tyn top” baý­ra­gy­ny eýe­le­di. 2008-nji, 2013-nji we 2014-nji ýyl­lar­da-da bu hor­ma­ta la­ýyk gör­len Ro­nal­do “Al­tyn topy” 5 sapar alan Mes­sä go­laý­la­dy. Dün­ýä bel­li “France Fo­ot­ball” žur­na­ly ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän bu sy­la­gy ala­nyn­dan soň, Ro­nal­do “Re­al Mad­rid­dä­ki” we mil­li ýy­gyn­dy­da­ky to­par­daş­la­ry­na özü­niň min­net­dar­ly­gy­ny bil­dir­di. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da Ro­nal­do­nyň klu­by “Re­al Mad­rid” Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da, mil­li ýy­gyn­dy­sy-da Ýew­ro­panyň çem­pio­na­tyn­da ýe­ňi­ji bo­lup­dy.
“Al­tyn top” baý­ra­gy 1956-njy ýyl­dan bä­ri gow­şu­ry­lyp ge­lin­ýär. 2010-njy ýyl­dan baş­lap “Bal­lon d’Or” baý­ra­gy FI­FA-nyň “dün­ýä­de ýy­lyň fut­bol­çy­sy” sy­la­gy bi­len bir­leş­di­ri­lip, “FI­FA Al­tyn top” ady­ny alyp­dy. 6 ýyl­lap şeý­le at bi­len gow­şu­ry­lan baý­ra­ga 2 ge­zek Ro­nal­do, 4 sa­pa­ram Mes­si la­ýyk gör­lüp­di. In­di, bu baý­rak ýe­ne-de öň­kü­si ýa­ly, ýag­ny “France Fo­ot­ball” hem-de FI­FA ta­ra­pyn­dan aý­ra­tyn­lyk­da gow­şu­ry­lar. Ta­raplar özara kä­bir dü­şü­niş­mez­lik­ler se­bäp­li sent­ýabr aýyn­da şeý­le ka­ra­ra ge­lip­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, “Al­tyn top” baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­si­ni Ýew­ro­pa­nyň žur­na­list­le­ri, FI­FA-nyň sy­la­gy­nyň eýe­si­ni-de mil­li ýy­gyn­dy­la­ryň tä­lim­çi­dir ka­pi­tan­la­ry saý­la­ýar. FI­FA-nyň 1991-nji ýyl­dan bä­ri gowşuryp gel­ýän “dün­ýä­de ýy­lyň fut­bol­çy­sy” sy­la­gy­nyň no­bat­da­ky eýe­si-de öňü­miz­dä­ki ýy­lyň 9-njy ýan­wa­ryn­da Sü­rih­de ge­çi­ril­jek uly da­ba­ra­da beý­le­ki baý­rak­la­ryň ýe­ňi­ji­le­ri bi­len bilelikde bel­li bo­lar. Mah­la­sy, ýy­lyň fut­bol­çy­sy diý­len ýa­ryş­da 1-nji dö­wüň ýe­ňi­ji­si Kris­tia­no Ro­nal­do bol­dy. Ikin­ji­sin­de ki­miň bol­jak­dy­gy­ny hä­zir­den aýt­mak ky­nam bol­sa, köp­ler por­tu­ga­li­ýa­ly ýyl­dy­zy baý­ra­ga bäsdeşleri Messi we Grizmanndan has go­laý ha­sap­la­ýar­lar.