Fut­bol muş­dak­la­ry­nyň uly gy­zyk­lan­dyr­ma bil­dir­ýän ýa­ry­şy bo­lan UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da möw­süm ahyrlap bar­ýar. Öňü­miz­dä­ki 2 hep­dä­niň do­wa­myn­da to­par­la­ryň iň go­wy 8-isi çär­ýek fi­nal du­şu­şyk­la­ry­ny oý­nar­lar. Ge­çen 2 möw­süm­dä­ki 8 to­pa­ryň 5-isi bu ýy­lam ýag­ny, 3-nji ýo­la çär­ýek fi­na­la çy­kyp, ola­ryň ha­ta­ry­na şu sa­par “Man­çes­ter Si­ti”, “Wolfs­burg” we “Ben­fi­ka” klub­la­ry go­şul­dy. Beý­le­ki 5-isi eý­ýäm 3-nji ýo­la üýt­gä­nok. Hat­da ola­ryň-da 4-si eý­ýäm 4-nji ge­zek çär­ýek fi­nal­da.
Çär­ýek fi­na­lyň 1-nji du­şu­şyk­la­ry öňü­miz­dä­ki hep­dä­niň si­şen­be we çar­şen­be gün­le­ri, ýag­ny 5–6-njy ap­rel­de Aş­ga­bat wag­ty bi­len 23:45-de oý­na­lar. Bu oýun­lar­da fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne bir-bi­rin­den dart­gyn­ly we gy­zyk­ly oýun­lar ga­raş­ýar.

“BA­WA­RI­ÝA”–“BEN­FI­KA”
(5-nji aprel, 23:45)
Iki to­par mun­dan öň öza­ra 6 du­şu­şyk ge­çir­di. Şol oýun­lar­da por­tu­gal to­pa­ry­na ýe­ke ge­zek hem ýe­ňiş ga­zan­mak mi­ýes­ser et­me­di. Bu ýa­ry­şyň çäk­le­rin­de 1976-njy ýyl­da çär­ýek fi­nal­da Por­tu­ga­li­ýa­da­ky oýun­da ha­sap açyl­ma­dy. Jo­gap du­şu­şy­gyn­da ne­mes to­pa­ry 5–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 1981-nji ýyl­da-da 1 go­ly kem şo­ňa meň­zeş, ne­ti­je gaý­ta­lan­dy (0–0, 4–1). 1995-nji ýyl­da 3-nji tap­gyr­da “Ba­wa­ri­ýa” öz meý­dan­ça­syn­da Ýur­gen Klins­man­nyň 4 gol ge­çi­ren oý­nun­da 4–1, myh­man­çy­lyk­da-da 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 21 ýyl soň, ýe­ne-de ýol­la­ry çär­ýek fi­nal­da ga­bat­la­şan 2 to­pa­ryň ara­syn­da “Ba­wa­ri­ýa­nyň” fa­wo­rit­di­gi me­se-mä­lim du­ýul­ýar. On­su­zam “Ba­wa­ri­ýa” por­tu­gal klub­la­ryn­dan di­ňe 2 ge­zek utu­lyp­dyr. Ola­ryň 2-si hem “Por­to­dan” bo­lup, şo­la­ryň bi­ri 1987-nji ýyl­da­ky fi­nal­dy. “Ba­wa­ri­ýa” bas­syr 2-nji ýo­la çär­ýek fi­nal­da por­tu­gal klub­la­ry bi­len du­şuş­ýar.

“BAR­SE­LO­NA”–“AT­LE­TI­KO” (5-nji ap­rel, 23:45)
Bu iki is­pan klu­by 2-nji ýo­la Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ga­bat­laş­ýar. Öň­ki ga­bat­la­şyk­da mad­rid­li­le­riň dö­wi rüs­tem ge­lip­di. 2014-nji ýy­lyň 1-nji ap­re­lin­de çär­ýek fi­na­lyň çäk­le­rin­de “Kamp Nou­da” oý­na­lan oýun deň­lik­de gu­ta­ryp­dy (Neý­mar 71 – Die­go 56). Mad­rid­de Ko­ke­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len ýe­ňen “At­le­ti­ko” şol ýyl fi­na­la çen­li ba­ryp­dy. Bas­syr 9-njy ýo­la çär­ýek fi­na­la çy­kyp, öz re­kor­dy­ny tä­ze­len “Bar­se­lo­na” ku­bo­gy yz­ly-yzy­na 2-nji ge­zek al­jak il­kin­ji to­par bol­magyň arzuwynda. “Bar­se­lo­na” şol 9 çär­ýek fi­na­lyň di­ňe 1-in­de üs­tün­lik ga­za­nyp bil­me­di. Şol dö­wür­de olar ku­bo­gy 3 ge­zek as­ma­na gö­te­rip, 4 sa­pa­ram ýa­rym fi­nal­dan yzy­na do­lan­dy. Çär­ýek fi­nal­da yz­ly-yzy­na 3-nji sa­par is­pan to­pa­ry bi­len du­şuş­jak “At­le­ti­ko Mad­rid” ge­çen ýyl şä­he­riň beý­le­ki klu­by “Re­al­dan” as­gyn ge­lip­di (0–0, 1–0). Bu ge­zek­ki oý­nuň-da az go­lly bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. “Bar­se­lo­na” “At­le­ti­ko­ny” hä­zi­re çen­li “Kamp Nou­da” 109 ge­zek ka­bul et­di we şo­lar­da 63 ýe­ňiş ga­za­ndy, 19 oýun­da-da utul­dy (27 deň­lik).

“WOLFS­BURG”–“RE­AL MAD­RID”
(6-njy ap­rel, 23:45)
Çär­ýek fi­nal­da­ky iň pes gö­rül­ýän to­par “Wolfs­burg” il­kin­ji ge­zek Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da güýç­li 8-li­giň ha­ta­ryn­da. Bu ýer­de-de ol Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň iň köp çem­pi­on bo­lan to­pa­ry “Re­al Mad­rid” bi­len bi­je çe­kiş­di. Iki to­par il­kin­ji sa­par güýç sy­na­ny­şar. Bas­syr 6-njy ge­zek çär­ýek fi­na­la çy­kan “Re­al Mad­rid” bu ýa­ryş­da­ky 11-nji ku­bo­gy­na ym­tyl­ýar.

PSŽ–“MAN­ÇES­TER SI­TI”
(6-njy ap­rel, 23:45)
“Li­gue 1-de” çem­pi­on­ly­gy­ny bir eý­ýäm yg­lan eden PSŽ bi­len Ang­li­ýa­da çem­pi­on­lyk ug­run­da yz­rak­dan hem bol­sa gö­reş alyp bar­ýan “Man­çes­ter Si­ti” du­şu­şar. Iki to­par mun­dan öň di­ňe 1 ge­zek, olam Ýew­ro­pa li­ga­syn­da to­par­ça­da öza­ra güýç sy­na­ny­şyp­dy we on­da-da ha­sap açyl­man­dy (0–0). Bas­syr 4-nji ge­zek çär­ýek fi­na­la çy­kan PSŽ topary Ib­ra­hi­mo­wiç, Ka­wa­ni, Di Ma­ri­ýa, Da­wid Lu­iz ýa­ly ýyl­dyz­la­ry­na bil bag­la­ýar. Beý­le­ki ta­rap­da-da 5 ýyl­dan bä­ri gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da ahy­ry çär­ýek fi­na­la çyk­ma­gy ba­şa­ran “Man­çes­ter Si­ti”. Iň­lis klu­by mun­dan öň 2 ge­zek 2-nji tap­gyr­da güýç­li to­par­lar bi­len bi­je aty­şyp, ýa­ry­şy do­wam et­di­rip bi­lmändi.

ESA­SY ÜNS “BO­RUS­SIA”–
“LI­WER­PUL” OÝ­NUN­DA
Şeý­le-de hep­dä­niň pen­şen­be gü­ni (7-nji ap­rel) gi­je sa­gat 00:05-de UEFA Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň çär­ýek fi­nal oýun­la­ry oý­na­lar. Tap­gy­ryň iň esa­sy oý­ny şüb­he­siz, “Bo­rus­sia Dort­mund” bi­len “Li­wer­pu­lyň” ara­syn­da­ky du­şu­şyk bo­lar. “Li­wer­pu­lyň” tä­lim­çi­si Ýur­gen Klop­puň öň­ki to­pa­ry “Bo­rus­sia­nyň” gar­şy­sy­na nä­hi­li oýun gör­kez­jek­di­gi köp­le­ri iç­gin gy­zyk­lan­dyr­ýar. Bir­wagt­da baş­lan­jak beý­le­ki çär­ýek fi­nal oýun­la­ryn­da-da “Bra­ga” uk­ra­in klu­by “Şaht­ýor Do­nes­ki”, “Wil­lar­re­al” çeh­le­riň “Spar­ta Pra­ga” to­pa­ry­ny, şol san­da-da is­pan der­bi­sin­de soň­ky çem­pi­on “Se­wil­ýa” “At­le­tik Bil­bao­ny” ka­bul eder.