UEFA-nyň klub ýa­ryş­la­ryn­da, ýag­ny Çem­pi­on­lar we Ýew­ro­pa li­ga­la­ryn­da ge­çi­ri­len bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­syn­dan soň, 2-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry bel­li bol­dy. Bu çä­re hep­dä­niň du­şen­be gü­ni Şweý­sa­ri­ýa­nyň Ni­on şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Aty­lan bi­jä la­ýyk­lyk­da, fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne 2 bäs­le­şik­de-de bi­ri-bi­rin­den gy­zyk­ly du­şu­şyk­lar ga­raş­ýar. Il­ki Çem­pi­on­lar li­ga­sy ba­ra­da aýt­sak, 2-nji tap­gyr­da­ky 16 klu­buň ba­ry-ýo­gy 6 ýur­duň adyn­dan we­kil­çi­lik ed­ýän­di­gi­ni öň ha­bar be­rip­dik. Bu soň­ky ýyl­lar­da­ky iň pes gör­ke­zi­ji diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le hem ýe­ne bir gy­zyk­ly mag­lu­mat bol­sa, şol ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da di­ňe bir jü­büt du­şu­şy­gyň bol­jak­dy­gy­dyr. My­sal üçin 4 is­pan klu­bu­nyň her­si 1 ýur­duň to­pa­ry bi­len güýç sy­na­ny­şar. Iň­lis we ne­mes ýa-da ital­ýan-is­pan to­par­la­ry­nyň ara­syn­da di­ňe 1 oýun bo­lup, ola­ryň ikin­ji bir klu­by öza­ra bi­je atyş­ma­dy. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, 2 ýur­duň her­sin­den di­ňe 1 klub öza­ra du­şu­şyk ge­çi­rer.
2-nji tap­gy­ryň 1-nji du­şu­şyk­la­ry 14–15-nji hem-de 21–22-nji few­ral­da, jo­gap oýun­la­ry-da 7–8-nji we 15–16-njy mart­da oý­na­lar.

10-njy du­şu­şyk­la­ry
To­par­ça­syn­da soň­ky du­şu­şyk­da deň­me-deň oý­nap, 2-nji ýe­ri eýe­län Fran­si­ýa­nyň çem­pio­ny PSŽ-niň bu ge­zek­ki gar­şy­da­şy ju­da güýç­li. Ol 2-nji tap­gyr­da çem­pi­on­ly­gyň esa­sy da­laş­gär­le­rin­den “Bar­se­lo­na” bi­len güýç sy­na­ny­şar. 14-nji few­ral­da­ky oýun ola­ryň öza­ra 10-njy du­şu­şy­gy bo­lar. Öň­ki 9 oýun­da 4 ge­zek ýe­ňiş is­pan klu­bu­nyň ta­ra­pyn­da bo­lup, pa­riž­li­ler di­ňe 2 du­şu­şyk­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. 3 oýun hem deň­lik­de gu­tar­dy. Pök­gi gat­na­şy­gyn­da ar­tyk­maç­lyk “Bar­ça­nyň” ta­ra­pyn­da (16–11). Iki to­par 2012/13 hem-de 2014/15 möw­süm­le­ri­niň çär­ýek fi­na­lyn­da du­şu­şyp­dy we ikisinde-de “Bar­se­lo­na” ýo­lu­ny do­wam et­di­ren to­par bo­lup­dy. Olar 1997-nji ýyl­da­ky Ku­bok­çy­la­ryň ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da-da du­şu­şyp­dy we şon­da “Bar­ça” ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. “Bar­se­lo­na” bi­len PSŽ 2014/15 möw­sü­mi­niň to­par­ça­la­ryn­da-da güýç sy­na­ny­şyp­dy we her­si öz meý­dan­ça­syn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy (Pa­riž­de 3–2, Bar­se­lo­na­da 3–1). 1994/1995 möw­sü­mi­niň çär­ýek fi­na­lyn­da­ky oýun­lar­da Bar­se­lo­na­da 1–1, öz meý­dan­ça­syn­da-da 2–1 ha­sa­byn­da utan PSŽ şonda ýa­rym fi­na­la çy­kyp­dy.

“Ben­fi­ka”–“Bo­rus­sia D.”
Por­tu­ga­li­ýa­nyň çem­pio­ny “Ben­fi­ka” to­pa­ry Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bo­rus­sia Dort­mund” klu­by bi­len bi­je atyş­dy. 2 to­par mun­dan öň 2 du­şu­şyk ge­çir­di. 1 oýun­da utan ne­mes klu­by beý­le­ki du­şu­şyk­da ýe­ňil­di. Ýag­ny, 1963/64 möw­sü­min­de Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on klub­la­ry­nyň ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da (hä­zir­ki Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da) 1-nji tap­gyr­da “Bo­rus­sia” 5–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Jo­gap oý­nun­da ýer eýe­le­ri 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün­li­ge eýe bo­lup­dy. Şeý­le-de ne­mes klu­by por­tu­gal to­par­la­ry bi­len ge­çi­ren soň­ky 5 du­şu­şy­gyn­da-da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.

6 ýyldan bäri…
6 ýyl­dan bä­ri 2-nji tap­gyr­dan ötä ge­çip bil­me­ýän “Ar­se­nal” 2011/12 möw­sü­min­den soň, to­par­ça­ny 1-nji ha­tar­da ta­mam­la­dy. Ýö­ne onuň bu üs­tün­li­gi ýe­ne-de “hä­zir­lik­çe” oňyn ne­ti­je ber­me­di. Top­çu­lar bu ge­ze­gem 2-nji tap­gyr­da güýç­li klub bi­len bi­je atyş­dy. Ar­sen Wen­ge­riň şä­girt­le­ri­niň bag­ty­na bu sa­par hem “Ba­wa­ri­ýa” düş­di. Olar soň­ky 5 ýyl­da 3-nji ýo­la 2-nji tap­gyr­da ga­bat­laş­ýar­lar. Mun­dan öň­ki 2 tut­lu­şyk­da “Ba­wa­ri­ýa­nyň” dö­wi rüs­tem ge­lip­di. Iki to­par 2000-nji ýyl­dan bä­ri 10 sa­par öza­ra du­şuş­dy. Şo­la­ryň 5-sin­de ne­mes to­pa­ry ýeň­şi­ni baý­ram eden bol­sa, lon­don­ly­lar 3 ge­zek gar­şy­daş­la­ryn­dan üs­tün çyk­dy. Gol­lar­da-da “Ba­wa­ri­ýa” 17–11 öň­de bar­ýar. Bas­syr 17-nji ge­zek Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da çy­kyş ed­ýän “Ar­se­na­lyň” 6 möw­süm­lik şow­suz­ly­gy­nyň höt­de­sin­den ge­lip-gel­me­jek­di­gi­ni few­ralda we mart­da bol­jak oýun­lar gör­ke­zer. “Ar­se­nal” iň soň­ky sa­par 2009/10 möw­sü­min­de çär­ýek fi­na­la çy­kyp­dy.

Çem­pi­on “Na­po­li” bi­len bi­je atyş­dy
Ku­bo­gyň hä­zir­ki eýe­si “Re­al Mad­rid” Çem­pi­on­lar li­ga­sy­ny yz­ly-yzy­na alan il­kin­ji to­par bol­mak is­le­ýän bol­sa, on­da olar il­ki bi­len “Na­po­li­den” üs­tün çyk­ma­ly. Iki klub mun­dan öň 2 du­şu­şyk ge­çir­di. 1987/88 möw­sü­min­de şu ýa­ry­şyň 1-nji tap­gy­ryn­da “Re­al” öz meý­dan­ça­syn­da 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ita­li­ýa­daky oýun 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de gu­tar­dy.
* * *
Ita­li­ýa­nyň soň­ky 5 ýy­ly­nyň çem­pio­ny “Ýu­wen­tus” 1/8 fi­nal­da ozal­ky­sy ýa­ly şow­ly çy­kyş edip bil­me­ýän Por­tu­ga­li­ýa­nyň “Por­to­sy” bi­len bi­je çe­kiş­di. Iki klub 1984-nji ýyl­da Ku­bok­çy­la­ryň ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da Ba­zel­de du­şu­şyp­dy­lar. Şon­da ital­ýan to­pa­ry 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Bu ola­ryň il­kin­ji du­şu­şy­gy bo­lup­dy. Olar 2001/02 möw­sü­min­de-de to­par­ça­da ga­bat­la­şyp­dy­lar. Tu­rin­dä­ki oýun 3–1 ha­sa­byn­da ýer eýe­le­ri­niň peý­da­sy­na gu­ta­ran bol­sa, jo­gap du­şu­şy­gyn­dan gol se­si çyk­man­dy.
* * *
Fi­nal­çy “At­le­ti­ko Mad­rid” ozal­da­nam özi üçin ta­nyş bo­lan Le­wer­ku­ze­niň “Ba­ýe­ri” bi­len çär­ýek fi­na­la çyk­mak üçin güýç sy­na­ny­şar. Olar şu wag­ta çen­li 4 ge­zek du­şuş­dy­lar. Her to­par 1 ge­zek utan bol­sa, 2 oýun­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. 2010/11 möw­sü­min­de UEFA Ýew­ro­pa li­ga­syn­da to­par­ça­da­ky 2 du­şu­şyk hem 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de gu­ta­ryp­dy. 2014/15 möw­sü­min­de edil hä­zir­ki ýa­ly 2-nji tap­gyr­da-da gabatlaşan 2 klub şol oýun­lar­da her­si öz meý­dan­ça­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ne­ti­je­de, pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­dan soň, “At­le­ti­ko” çär­ýek fi­na­lyň pe­te­gi­ni alyp­dy.