“Apple” ýakyn geljekde müşderileriniň arasynda uly meşhurlyk gazanan enjamlaryny işläp düzmekde Stiw Jobsuň (1955-2011) goşan goşandy barada gürrüň berýän kitap çykarjakdygyny mälim etdi. Kitap 500-e golaý surat, şeýle hem, “Apple”-iň dizaýnerleriniň we hünärmenleriniň Jobsuň ideýalaryna girizen goşantlary barada gürrüň berýän işleri bilen bezeler. Neşir ediljek täze kitabyň bezeg işlerini Sukermanyň iň meşhur suratçylary ýerine ýetirer. Kitapda esasan, Stiw Jobs aradan çykandan soňra, kompaniýanyň dizaýn ugrundan gazanan üstünlikleri beýan ediler. Ýöne kitaby satyn almak okyjylara arzan düşmez – onuň gaty daşlyklysynyň bahasy 300 dollar, ýumşak daşlyklysynyňky bolsa, 200 dollar.