Şu günler ýurdumyzyň we halkymyzyň Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görýän pursatlarynda paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli konsertler tapgyry geçrilýär. Ilki bilen russiýaly belli aýdymçy Filipp Kirkorowyň, ondan soňra türk ýyldyzy Mustafa Sandalyň, özbegistanly belli aýdymçy Ozodbek Nazarbekowyň hem-de sahna lakamy Ýolka bolan Elizaweta Waldemarowna Iwansiwiň konsertleri boldy.
Meşhur türk aýdymçysy, dünýä belli estrada ýyldyzy, kino aktýory Mustafa Sandal Täze ýylyň öň ýanynda türkmen paýtagtynda geçirilýän konsertler tapgyrynda çykyş etmek üçin nobatdaky gezek Aşgabada geldi. Paýtagtymyzdaky Sportuň gyşky görnüşleri toplumynyň buzly meýdançaçynda türk ýyldyzynyň konserti boldy. Belli estrada ýyldyzy sahna çykan badyna türkmen topragynda özüne nähili hormat goýulýandygyny duýan bolsa gerek. Ol konsertde täze albomyndan “Dowamy bar”, “Men bolsadym”, “Ählisi söýgüden” ýaly aýdymlary bilen birlikde köpleriň söýgüsini gazanan “Onuň arabasy bar…”, “Aýa meňzär” diýen belli aýdymlaryny we “Küştdepdini” ýerine ýetirdi.
Meşhur aýdymçy Türkmenistanda özüni edil ata Watanynda ýaly duýýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp şygyryndan we owazyndan dörän “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ajaýyp aýdymy ýerine ýetirdi.
Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň halk artisti Ozodbek Nazarbekowyň konserti hem uly şowhuna beslendi. Konsert maksatnamasyna nusgawy we häzirki zaman aýdymlary girizildi. Şeýle hem özbek estpada ýyldyzynyň hormatly Prezidentimiziň sözüne we sazyna döredilen “Leýlisaç barada rowaýat” atly aýdymy ýerine ýetirmegi has-da täsirli boldy.
Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda guralýan baýramçylyk konsertler tapgyry Russiýa Federasiýasynyň belli aýdymçysy, sahna lakamy Ýolka bolan Elizaweta Waldemarowna Iwansiwiň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Meşhur aýdymçynyň konsert maksatnamasyna dost-doganlygy, gözel tebigaty, adamlaryň birek-birege bolan gatnaşygyny, pök söýgini wasp edýän aýdymlar girizildi. Konserte gatnaşyjylar aýdymçynyň ýerine ýetirýän her bir çykyşyny uly şowhun, el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Munuň özi aýdymçy zenanyň çykyşlarynyň tomaşaçylaryň göwnünden turandygyny alamatlandyrýar.