Şu günler Aşgabadyň Döwlet sirkinde baýramçylyk mynasybetli daşary ýurtly artistleriň çykyşlary geçirilýär. Ol aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasyndaky ajaýyp sowgada öwrüldi.
Aleksandr Loginowyň we Wladimir Sozanowyň “Yrgyldy” diýlip atlandyrylan adaty bolmadyk çykyşy bilen sirk maksatnamasy başlandy. Aleksandr we Wladimir halkalaryň yrgyldylarynyň sazlaşygynda öz orunlaryny çalyşýarlar we halkyň içine giren belka mysaly deňagramlylygy saklaýarlar.
Tatýana we Iwan Romanowlar tomaşaçylara “Romantiki görnüş” atly howa gimnastika çykyşlaryny görkezdiler. Olar sirkiň gümmeziniň astyndaky belentlikde dürli çylşyrymly hereketleri görkezdiler.
Soňra sirk sahnasynda tanapda ýöreýän doganlar Bekzot we Jamşit Taşkenbaýewler peýda boldular. Olar sirk arenasynyň iň belentliginde çykyş edip, tomaşaçylarda uly täsir galdyrýarlar. Başyňy aýlaýan hereketler bilen doganlar dürli şekilleri emele getirdiler.
Şadyýan masgarabaz Mihail Mingazowyň ussatlygy tomaşaçylarda şowhunly gülküleri emele getirdi. Artist özüniň eldekileşdiren güjügi bilen gyzykly çykyşy ýerine ýetirdi. Ýeri gelende aýtsak, Mihail bu güjügi köçeden ýygnap, ony sirk artistine öwürdi.
Soňra sahnada polat simlerden ýasalan şar oturdylýar. Wladimir Sozanowyň ýolbaşçylygyndaky iki motosikletçi “Batyrgaýlyk şary” diýlip atlandyrylýan moto-şüweleňine başlaýar.
Sirk çykyşlarynyň birinji bölümini Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky şöhratly “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň atlylary jemledi
Şeýle hem sirk çykyşlaryna tomaşa etmäge gelenler “Müsüriň şazadasy” Hamad Kutani uly şowhun bilen garşyladylar. Örän batyrgaý eldekileşdiriji on sany ýolbarsyň we üç gaplaňyň arasyna eline bambuk taýajygyny alyp girdi. Onuň eldekileşdiren haýwanlary şazadanyň her bir emrini gyşarnyksyz ýerine ýetirdiler.
Ýurdumyzda baýramçylyk şowhunyny, ägirt uly ýokary ruhy göterilişi özünde jemleýän sirk sungatyny giňden wagyz etmekde we baýlaşdyrmakda halkara döredijilik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine nobatdaky goşant bolan ajaýyp sirk maksatnamasy tomaşaçylaryň hakydasynda uzak wagtlap saklansa gerek.