Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak, ýerli serişdelerden taýýarlanylýan önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilişiniň möçberlerini ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli harytlar bilen içerki bazary üpjün etmek boýunça wezipeleriň oňyn çözülmegi bilen utgaşykly alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen hem-de ýerli önümçiligi höweslendirmek arkaly daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegi babatda alnyp barylýan işler halkara maliýe guramalarynyň hem ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Şeýle ýagdaý ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly we durnukly ösýändigini görkezýär.
Soňky ýyllarda esasy makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, 2016-njy ýylyň 11 aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim, şol sanda senagatda 1,1 göterim, gurluşykda 4,4 göterim, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim, oba hojalygynda 12 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,4 göterime deň boldy.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan senagat taýdan ösüşiň esasy ugurlaryna laýyklykda welaýatlarda 209 desganyň gurluşygy tamamlandy. Olaryň 111-sinde gurluşyk işleri dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, şu maksatnamalaryň çäklerinde himiýa senagatynyň, maşyn gurluşygynyň, oba hojalygynyň, gurluşygyň, ýeňil we azyk senagatynyň, beýleki pudaklaryň, ýurdumyzyň derman senagaty ulgamynyň ösüşine gönükdirilen 110-dan gowrak taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy dekabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen, daşary ýurtlara ugradylýan elektrik energiýasynyň mukdarynyň 17,4 göterim, mineral dökünleriň – 2,6 göterim, sementiň – 6,3 göterim artandygyny belledi. Şeýle hem ýüňüň, haly önümleriniň, gök hem-de miwe önümleriniň,ösümlik ýagynyň, bugdaýyň, pagta süýüminiň we beýleki harytlaryň eksport möçberi artdy.
Türkmenistanda ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokary depginlere eýe bolmagynda, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda has-da ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda gymmatly önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Şeýle ýagdaý ähli pudaklarda-da sazlaşykly alnyp barylýar.
Tebigy gazy we nebit çig mal hökmünde peýdalanyp, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän benzin, polipropilen, polietilen, azot we karbamid dökünleri hem-de beýleki önümler öndürmek işi ýola goýulýar. Munuň üçin iri göwrümli maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Ýurdumyzda önümçiligiň ýokary tehnologik ýagdaýda ýola goýulmagy üçin hem köp işler edilýär. Soňky ýyllarda tebigata zyýansyz hem-de ýokary tehnologik enjamlar bilen oturdylan zawoddyr fabrikleriň gurluşygyny giň gerim berildi.
Ýurdumyzyň senagat hem-de gurluşyk pudaklarynda-da ýerli önümçiligine uly ähmiýet berilýär. Sement zawodlarynyň gurulmagy, mundan başga-da izogama we folgaizola ýaly örtük serişdeleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy, dokma toplumynyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagy, azyk senagatyndaky önümçilik desgalarynyň işleriniň ilerledilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Umuman, bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary boýunça durmuşa geçirilýän, ýurdumyzy raýatlaryň durmuşy we zähmet çekmegi üçin ajaýyp şertleri üpjün edilen öňdebaryjy döwlete öwürmegi, halkyň döredijilik kuwwatyny amala aşyrmagy maksat edinýän ykbal çözüji we düýpli özgertmeleriň ýolunda ynamly ädimler bolup durýar.