23-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Täze ýyl arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagyna bagyşlanan dabara “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde geçirildi. Bu merkeziň meýdançasynda 39 metrlik arça baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Dabara Aýazbaba we Garpamyk, meşhur estrada aýdymçylary, teatr işgärleri we ýaş artistler gatnaşdylar. Olaryň arasynda “Şatlyk”, “Akpamyk”, “Ruhubelent çagalar”, “Gyzyl gyzjagaz”, Joşgun” we beýleki belli çagalar tans toparlary, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň hem-de Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri, Türkmen döwlet sirkiniň şadyýan ýomakçylary hem-de hokgabazlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk toparynyň çakgan akrobatlary bar.
Ýaşajyk türkmenistanlylaryň hem-de täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen bu dabara gatnaşyjylaryň hemmesiniň adyndan Aýazbaba bilen Garpamyk hormatly Prezidentimize hem-de ähli türkmen halkyna bagt we saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine üstünlikleri arzuw edip, ýetip gelen 2017-nji – Täze ýyl bilen gutlaglaryny ýolladylar.
Çagalaryň arzuwy hem-de Aýazbabanyň jadyly taýajygy bilen yşarat etmegi boýunça Täze ýylyň ajaýyp arçasynyň yşyklarynyň lowurdap ýanmagy täze ýyl şüweleňiniň iň bir gyzykly pursady boldy. Şol gün täsin Täze ýyl çykyşlary geçirilýän, aýdym aýdylyp, goşgy okalýan, bagtyýar çagalaryň gol tutuşyp daşyndan aýlanýan, ýurdumyzyň ähli oba-şäherleriniň baş meýdançalarynda goýlan Täze ýyl arçalarynyň hemmesiniň täsin yşyklary ýalpyldap ýandy.
Dabara başlamazdan ozal, Täze ýyl kerweni bedewlere atlanan jigitleriň ugratmagynda Aşgabat boýunça gezelenç etdi. Aýazbaba ýurdumyzyň baş arçasyna öz ýoluny Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky Aýrybaba dag belentliginden başlady. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky ilkinji dabara çagalar horunyň, belli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde Täze ýyla bagyşlanan şadyýan aýdym-sazly konsert bilen jemlendi.