Möw­sü­miň ahy­ryn­da bas­ket­bol kar­ýe­ra­sy­ny soň­lan­dyr­jak NBA ýyl­dy­zy, “LA Leý­ker­siň” ro­wa­ýa­ty oýun­çy­sy Ko­bi Braýn­tyň şu ýyl­ky “All-Star” şü­we­le­ňin­de ge­ýen köý­nek­çe­si re­kord ba­ha sa­tyl­dy. Şol köý­nek­çe üçin 100 müň 40 dol­la­ryň tö­le­nen­di­gi we onuň bu ugur­da re­kord go­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­di. On­dan öň­ki re­kord tä­ze­den ozal­ky klu­bu­na gaý­dyp ge­len LeB­ron Jeým­siň 2014/15 möw­sü­min­de “Kliw­lend Ka­wa­liers” bi­len meý­dan­ça çy­kan il­kin­ji du­şu­şy­gyn­da­ky köý­nek­çä de­giş­li­di. Şol köý­nek­çe 50 müň dol­la­ra sa­tyn al­nyp­dy.
* * *
NBA-da ada­ty möw­süm ta­mam­la­nyp bar­ýar. “Ýu­ta Jaz­zy” goş­ma­ça wagt­da 103–96 ha­sa­byn­da utan soň­ky çem­pi­on “Gol­den Steýt War­riors” möw­süm­dä­ki 68-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Şun­luk­da, “War­riors” ada­ty möw­süm­de iň köp ýe­ňiş ga­zan­mak­da “Çi­ka­go Bull­suň” 1995/1996 möw­sü­min­de go­ýan 72 oýun­lyk re­kor­dy­na bir ädim go­laý­la­dy. Ola­ryň re­kor­dy tä­ze­le­megi üçin ga­lan 7 du­şu­şy­gyň 5-sin­de ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ge­rek.
* * *
“Kliw­lend Ka­wa­liers” klu­by “Bruk­lin Nets” to­pa­ry­ny 107–87 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Şol du­şu­şyk­da to­pa­ry­na 24 utuk ga­zan­dy­ran LeB­ron Jeýms NBA-nyň iň köp utuk ga­za­nan bas­ket­bol­çy­la­ry­nyň sa­na­wyn­da 12-nji bas­gan­ça­ga beý­gel­di. Kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 26 müň 689 utuk ga­za­nan LeB­ron Jeýms bu ugur­da Do­mi­nik Wil­kin­si yz­da gal­dyr­dy. Ol ýe­ne-de 22 utuk ga­zan­sa, Os­kar Ro­bert­son­dan öňe ge­çip, 11-nji or­na çy­kar.
* * *
Şu möw­sü­miň iň köp ýe­ňiş ga­za­nan 2-nji to­pa­ry “San An­to­nio Spars” öz meý­dan­ça­syn­da ýe­ňiş ga­zan­mak­da tä­ze re­kor­d goý­dy. Olar “Nýu Or­leans Pe­li­kan­sy” 100–92 ha­sa­byn­da utup, öz meý­dan­ça­syn­da bas­syr 38-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Şu möw­süm­de öz meý­dan­ça­syn­da ýe­ke sa­par hem ýe­ňil­me­dik “San An­to­nio Spars” ge­çen möw­süm­ki oýun­la­ry-da go­şa­nyň­da, je­mi 47 du­şu­şyk­dan bä­ri utu­la­nok.