Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz äh­li ugur­lar­da uly ösüş­le­re, üs­tün­lik­le­re we ýo­ka­ry sep­git­le­re eýe bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek ba­bat­da öň­de goý­lan äh­li we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şin­de oňat ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy we hal­ky­my­zyň bo­le­lin hem-de aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di.
2016-njy ýyl Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz üçin sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni ul­gam­lar­da uly üs­tün­lik­le­riň ýy­ly bol­dy. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­nyň baý­ram­çy­ly­gy şat­lyk-şa­ga­la­ňa bes­le­ni­lip, ulu­dan tu­tul­dy. Ru­hu­be­lent­lik, eg­sil­mez joş­gun­ly­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar eziz Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­nyň no­bat­da­ky al­tyn sa­hy­pa­sy­na öw­rü­lip, ýur­du­my­zyň aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri­ni we ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni, hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki uly ab­ra­ýy­ny dün­ýä ýaý­dy.
Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti 2016-njy ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri dur­nuk­ly ýag­daý­da sak­la­nyp gel­ýär. Bu ugur­da­ky ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­mi­ze hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry hem ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler. Soň­ky ýyl­lar­da esa­sy mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­riň dur­nuk­ly ösü­şi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Şeý­le­lik­de, 2016-njy ýy­lyň 11 aýyn­da je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi 6,2 gö­te­rim, şol san­da se­na­gat­da 1,1 gö­te­rim, gur­lu­şyk­da 4,4 gö­te­rim, ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da 10,4 gö­te­rim, oba ho­ja­ly­gyn­da 12 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len önüm­le­riň ösüş dep­gi­ni ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 103,4 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň ýo­ka­ry dep­gin­le­re eýe bol­ma­gy, ila­tyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gyn­da has-da äh­mi­ýet­li bol­dy. Ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan hem-de bäs­le­şi­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ry ön­dür­mek­lik ýo­la go­ýul­dy. Ýer­li çig mal gaý­ta­dan iş­le­nip, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän hem-de da­şa­ry ýurt ba­za­rlaryn­da geç­gin­li ha­ryt­la­ryň öz ýur­du­myz­da ön­dü­ri­lip baş­lan­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan öň­den­gö­rü­ji­lik­li yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ug­ru­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Ýur­du­my­zyň se­na­gat taý­dan ösen döw­let­le­riň ha­ta­ry­na ynam­ly go­şul­ma­gy üçin al­nyp ba­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li iş­ler öw­gä my­na­syp­dyr.
Ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ägirt uly ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da art­dyr­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2016-njy ýy­lyň ahyr­la­ryn­da, ýag­ny 26-27-nji no­ýabr­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň pa­ra­sat­ly hal­ka­ra baş­lan­gy­jy esa­syn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da Dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça bi­rin­ji Äh­lu­mu­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Dün­ýä met­bu­ga­tyn­da uly ses­len­me dö­re­den bu hal­ka­ra fo­ru­myň işi­ne dün­ýä­niň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we işe­wür dün­ýä­si­niň köp san­ly ýo­ka­ry de­re­je­li we­kil­le­ri gat­naş­dy we bu mas­la­hat­da ka­bul edi­len çöz­güt­ler ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň yg­ty­bar­ly ýag­daý­da ýo­la go­ýul­ma­gy üçin esas bo­lup hyz­mat et­di.
Şol hal­ka­ra fo­ru­myň yzy­sü­re Türk­me­nis­tan bi­len Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ser­he­din­de ýe­ne-de bir ýat­da ga­ly­jy wa­ka bo­lup geç­di: türk­men-ow­gan hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan, Azi­ýa hal­ka­ra de­mir ýol ulag ge­çel­ge­si­niň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len Ata­my­rat-Ymam­na­zar-Aki­na po­lat ýo­ly da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­dy.
Mun­dan baş­ga-da şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­tyn­da ýur­du­my­zyň Esasy Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi ka­bul edil­di. Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň ka­bul edil­me­gi­niň döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de sy­ýa­sy we dur­muş yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni, onuň tä­ze sep­git­le­re çyk­ma­gy­ny üp­jün eder. Ol bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň eş­ret­li we aba­dan dur­mu­şa ýa­şa­ma­gy­nyň ke­pi­li bo­lup dur­ýar.
Her ýyl­da bol­şy ýa­ly, gö­zel ýur­du­myz ta­mam­la­nyp bar­ýan şu ýyl­da hem sag­dyn­ly­gyň hem-de ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy hök­mün­de dün­ýä ýü­zün­de özü­ni ta­nat­dy. Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da um­ma­syz iş­ler edil­ýär. Her ýyl sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gy­na de­giş­li tä­ze eda­ra­lar, kär­ha­na­lar gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýär. Äh­li ýer­ler­de dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne do­ly ga­bat gel­ýän sag­lyk mer­kez­le­ri gur­lup, hal­ky­my­zyň sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üp­jün edil­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2017-nji ýylda gö­zel Aş­ga­ba­dy­myz Azi­ýa­nyň sport paý­tag­ty­na öw­rü­ler. Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny gu­ra­mak hu­ku­gy­na eýe bol­ma­gy­myz türk­men döw­le­ti­niň sport äle­min­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­dy. Ge­çen her bir gün bi­zi yk­ly­myň tür­gen­le­ri­niň uly ýa­ry­şy­na ýa­kyn­laş­dyr­ýar. 2017-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da paý­tag­ty­myz Azi­ýa­nyň hem-de il­kin­ji ge­zek Okea­ni­ýa döw­let­le­ri­niň tür­gen­le­ri­ni gar­şy alar. Spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça 62 döw­let­den ge­ljek tür­gen­ler baý­rak­ly orun­lar üçin bäs­le­şer­ler. Şu gün­ler bu hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da döwletimiziň we­kil­çi­lik et­jek ýy­gyn­dy to­par­la­rynyň dü­züm­le­ri kes­git­len­ýär. Go­laý­da tans spor­ty bo­ýun­ça ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň, we­lot­rek spor­ty bo­ýun­ça des­lap­ky ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň dü­zü­mi bel­li bol­dy. Umu­man, in­di­ki ýy­lyň güý­zün­de Azia­da-2017-ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çir­mek üçin äh­li ta­gal­la­lar edil­ýär. Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bu Oýun­la­ryň baş­lan­ma­gy­na 500 gün ga­lan­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da at­ly ýö­ri­şe ba­dal­ga be­ril­di. 17 at­ly­dan yba­rat to­par ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­dan ge­çip, 2017-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Oýun­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy gü­ni Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa sta­dio­ny­na olim­pi­ýa ala­wy bi­len gi­rer­ler.
Mah­la­sy, 2016-njy ýyl äh­li ugur­lar bo­ýun­ça örän ne­ti­je­li, üs­tün­lik­li we rys­gal-be­re­ket­li ýyl bol­dy. Ýe­ne-de san­ly­ja gün­den tä­ze – 2017-nji ýy­la ga­dam ba­sa­rys. Tä­ze ýy­lyň il­kin­ji aý­la­ryn­da ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da esa­sy wa­ka­la­ryň bi­ri – Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry bo­lup ge­çer. Hä­zir­den şol saý­law­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky Mer­ke­zi to­pa­ry Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­le­ri ha­sa­ba al­dy. Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek ba­ra­da­ky Mer­ke­zi to­pa­ryň mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­li­ge bi­ra­gyz­dan hö­dür­le­nen hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­li­ge alyn­dy. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň hö­dür­län da­laş­gä­ri – “Rys­gal” paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Bek­my­rat Ata­ly­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň hö­dür­län da­laş­gä­ri – Ag­rar par­ti­ýa­nyň Ma­ry we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Dur­dy­gy­lyç Ora­zow hem-de ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­pa­ry ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­ni­len da­laş­gär – Türk­me­nis­ta­nyň Azyk se­na­ga­ty döw­let bir­le­şi­gi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Mak­sat An­na­ne­pe­sow bel­li­ge alyn­dy.
Da­laş­gär­ler üçin esa­sy saý­law möw­sü­mi baş­lan­dy. Olar saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyp, met­bu­gat­da öz mak­sat­na­ma­la­ry bi­len çy­kyş eder­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji de­kabr­da mil­li te­le­wi­di­ni­ýä­miz bo­ýun­ça çy­kyş et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öz çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­sin­de ama­la aşyr­jak iş­le­ri­miň Mak­sat­na­ma­sy bi­len ta­nyş­dyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mak­sat­na­ma­syn­da türk­me­niň sars­maz döw­le­ti­niň bin­ýa­dy­ny öň­kü­den-de ber­kit­mek, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, se­na­gat­da we oba ho­ja­ly­gyn­da, te­le­ke­çi­lik ul­ga­myn­da bäs­le­şi­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ry hal­ka­ra ba­zar­la­ry­na öň­kü­den-de köp çy­kar­ma­gyň yk­dy­sa­dy usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, ila­tyň jan ba­şy­na düş­ýän gir­de­ji­si­ni öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­riň de­re­je­si­ne ýe­tir­mek ýa­ly ugur­lar­da köp iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin ta­gal­la et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Biz mer­da­na hal­ky­my­zy, hormatly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýe­tip ge­len Tä­ze ýyl bi­len tüýs ýü­rek­den mä­hir­li gut­la­ýa­rys! Tä­ze ýyl­da-da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryljak be­ýik öz­gert­me­le­riň uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­ris!
Goý, 2017-nji ýyl hem Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak şan­ly wa­ka­la­ra baý ýyl­la­ryň bi­ri bol­sun! Goý, tä­ze ýyl hem Türk­me­nis­tan üçin üs­tün­lik­li, mer­da­na hal­ky­myz, her bir maş­ga­la oja­gy üçin rys­gal-döw­let­li, be­re­ket­li, dü­şüm­li ýyl bol­sun!
«Zaman–Türkmenistan».