24-nji dekabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde “Ýylyň parlak ýyldyzy -2016” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, onda aýdymçylaryň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi we ýeňijileriň atlary yglan edildi. Bu ýere belli estrada aýdymçylary, saz ussatlary, medeniýet işgärleri, kompozitorlar we şahyrlar, şeýle hem öňki ýyllarda geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri ýygnandylar. Bäsleşigiň şertleri boýunça olaryň sesleri öňki tomaşaçylaryň seslerine goşulýar we “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen adyň eýesini kesgitleýär.
Tomaşaçylar ýüzleri belgili ýörite kartoçkalar arkaly ses berdiler, netijede alyp baryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan etdiler. Şeýlelikde, bäsleşigiň baş baýragynyň eýesi diýlip Züleýha Kakaýewa yglan edildi. Ol jemleýji gala-konsertinde “Çal, sazanda” diýen aýdymy bilen tomaşaçylary özüne bendi etdi. Oňa “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme Kubogy we höweslendiriji baýrak gowşuryldy. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Leýli Ökdirowa we Merdan Nurgylyjow eýelediler.