Ita­li­ýa­nyň Su­per ku­bo­gy du­şu­şy­gyn­da “Mi­lan” ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol Ka­tar­da­ky Jas­sim Bin Ha­mad sta­dio­nyn­da oý­na­lan du­şu­şyk­da “Se­rie A-nyň” çem­pio­ny “Ýu­wen­tus­dan” üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. “Mi­lan” Ita­li­ýa­nyň ku­bo­gy­nyň fi­nal­çy­sy hök­mün­de gat­na­şan bol­sa, “Ýu­wen­tus” hem çem­pi­on, hem-de ku­bo­gyň eýe­si di­ýen at­lar bi­len bu oýun­da çy­kyş et­di. Beý­le­ki ýurt­lar­dan üýt­ge­şik­lik­de, de­kabr aýyn­da oý­na­lan Su­per ku­bo­gy du­şu­şy­gy ital­ýan fut­bo­ly­nyň ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len soň­ky ýyl­lar­da da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýär. Oý­na soň­ky çem­pi­on has er­jel baş­la­dy. 18-nji mi­nut­da burç­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ur­gu­dan soň, Gi­or­gi Ki­el­li­ni ha­sa­by aç­dy. 20 mi­nut­dan soň, Su­so­nyň je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň içi­ne ge­çi­ren pök­gü­si­ni kel­le­si bi­len uran Jia­ko­mo Bo­na­wen­tu­ra ha­sa­by deň­le­di. 1-nji ýa­rym 1–1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. 2-nji ýa­ry­myň ep-es­li bö­le­gin­de “Mi­la­nyň” hü­jüm­le­ri ag­dyk­lyk et­di. Oý­nuň ahyr­ky pur­sat­la­ryn­da-da “Ýu­wen­tus” az-ow­lak ti­jen­di. Ýö­ne ha­sap üýt­ge­me­di. Oý­na­lan goş­ma­ça 30 mi­nut­da-da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Ýe­ňi­ji­ni pe­nal­ti ur­gu­la­ry kes­git­le­di. Bu ur­gu­lar­da-da “Mi­lan” 4–3 ha­sa­byn­da üs­tün­li­ge eýe bol­dy. “Mi­lan­dan” Bo­na­wen­tu­ra, Kus­ka, Su­so, Pa­sa­liç, “Ýu­wen­tus­dan” Mar­ki­sio, Hi­guain we Ke­di­ra pe­nal­ti­le­ri dürs ur­ma­gy ba­şar­dy. “Mi­lan­dan” La­pa­du­la, “Ýu­wen­tus­da­nam” Man­žu­kiç bi­len Di­ba­la­nyň ur­gu­la­ry ta­kyk bol­ma­dy. Şeý­le­lik­de, “Mi­lan” 7-nji ýo­la Ita­li­ýa­nyň Su­per ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­te­rip, bu ba­bat­da “Ýu­wen­tus” bi­len deň­leş­di. 10-njy ge­zek Italiýanyň Su­per ku­bo­gy du­şu­şy­gyn­da oý­nan mundan öň, “Mi­lan” 1988-nji, 1992-nji, 1993-nji, 1994-nji, 2004-nji we 2011-nji ýyl­lar­da-da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ga­ly­ber­se-de, bu du­şu­şyk 2001-nji ýyl­dan bä­ri “Ýu­wen­tu­syň” der­we­ze­si­ni go­rap gel­ýän Ji­an­lui­ji Buf­fo­nyň to­pa­ryn­da­ky 600-nji res­mi oý­ny diý­lip ha­sa­ba alyn­dy.