aponiýanyň hökümeti 2017-nji maliýe ýyly üçin döwlet býujetini tassyklady. Öňümizdäki ýylyň 1-nji aprelinden başlanjak täze maliýe ýyly üçin döwlet býujeti 97,5 trillion ýen (830 milliard dollar) möçberinde kesgitlendi. Ol üstümizdäki ýylyň býujetinden 733 milliard ýen köpdür.
Geljek maliýe ýylynda durmuş ulgamy üçin rekord derejede pul serişdeleri bölünip berler. Bu görkeziji 32,5 trillion ýene barabardyr. Mundan başga-da, esasy ösüş maksatnamalary üçin 2,93 trillion ýen, Russiýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky bilelikdäki ykdysady taslamalar üçin bolsa, 3,5 milliard ýen möçberinde serişde goýberiler. Býujetiň girdejiler bölegindäki görkezijilere ser salanyňda, 57,7 trillion ýen möçberindäki girdeji salgytlardan geler.