Agramy 450 kilograma deň bolan ýeňil “SolarStratos” diýlip atlandyrylan uçar Gün energiýasynyň artykmaçlyklaryny aýdyň görkezmäge mümkinçilik döreder. “SolarStratos”-yň 22 inedördül meýdany eýeleýän Gün panelleri uçara sagatda 20 kilowatt energiýa berýär. Bu ýeňil uçaryň uzynlygy 8,5 metre ýetýär we uçuş wagtynda 25000 metr belentlige galyp bilýär.
Gün energiýasy bilen işleýän uçaryň inženerleriniň aýtmagyna görä, “eger-de, ähli synaglar üstünlikli geçse, onda bu eýýäm, gün energiýasy bilen kosmosa uçuşlary amala aşyrmaga gapy açar”. 2,2 metr gerimli Gün panelleri uçaryň propellerini herekete getirýän 32 kilowatlyk elektrik motoryny gerekli energiýa bilen üpjün eder. Şeýle uçar 24 sagatdan hem köp uçmaga ukyplydyr.