Şanhaý şäheriniň 2 klubunyň arasyndaky bäsdeşlik diňe bir meýdançada bolman, eýsem, olar transferde-de biri-biri bilen ýaryşyp başlady. “Şanhaý SIPG” toparynyň braziliýaly Oskary rekord baha satyn almagyndan soň, şäheriň beýleki topary “Şanhaý Şenhua” hem herekete geçdi. “Şenhualylar” argentinaly ýyldyz oýunçy Karlos Tewez bilen içgin gyzyklanýar. Olar 32 ýaşyndaky hüjümçä taryhy teklip bilen ýüz tutdy. Hytaý klubunyň ýolbaşçylary häzirki wagtda “Boko Huniorsda” oýnaýan Tewez bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşmak isleýändiklerini we her ýyly üçinem 40 million ýewro tölejekdiklerini habar berdiler. Argentin topary bilen 2018-nji ýyla çenli şertnamasy bolan Teweziň “Şanhaý Şenhuadan” gelen teklibi kabul etmegine garaşylýar. Eger-de transfer amala aşan ýagdaýynda Tewez iň köp hak alýan futbolçy bolar.