Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän iri halkara energetika taslamasy – Türkmenistan – Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna uly itergi berjek möhüm ylalaşyklaryň ýene-de birine gol çekildi. Ol bu taslama gatnaşyjy döwletleriň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky 24-nji maslahatynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň ahyrynda, ýagny, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda halkara energiýa bazarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan iri wakalaryň biri bolup geçdi. Şol gün Mary welaýatynda TOPH taslamasynyň gurluşygyna badalga berildi.
Bu şanly wakanyň üstünden birnäçe aý geçenden soňra taslama gatnaşyjy döwletleriň ýokary derejeli wekilleri ýene-de Aşgabatda ýygnandy. Oňa Pakistanyň, Hindistanyň we Owganystanyň pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem Aziýa ösüş bankynyň wekilleri gatnaşdy. Aşgabatdaky maslahatyň ahyrynda taslamanyň çaltlandyrylmagyna itergi berjek maýa goýum ylalaşygyna gol çekildi.
Ylalaşykda turbageçiriji taslamanyň indiki tapgyryny maliýeleşdirmek maksady bilen, TOPH-nyň paýdarlary tarapyndan ilkibaşda umumy möçberi ABŞ-nyň 200 million dollaryndan gowrak bolan serişdäniň goýulmagy göz öňünde tutulýar.
Soňra taslama gatnaşyjy döwletleriň ýolbaşçylary metbugat wekillerine ýüzlendi. Owganystanyň, Pakistanyň hem-de Hindistanyň wekilleri öz çykyşlarynda bu taslamanyň diňe bir ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitde ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, parahatçylygyň we durnuklulygyň üpjün edilmegine uly goşant goşjakdygyny belläp geçdiler. Şeýle hem olar bu taslamanyň durmuşa geçirilmegini hemişe üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimize öz hoşallygyny bildirdiler.
Bu taslama dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda durmuşa geçirilýär. TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre barabar bolar. Gaz geçirijiniň 214 kilometri biziň ýurdumyzyň çäginde gurlar, soňra ol Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň, Pakistanyň Kwetta hem-de Multan şäherleriniň üstünden geçer we Hindistanyň Fazilka diýen ilatly ýerine baryp ýeter. Täze gaz geçirijisiniň gurulmagy netijesinde, goşmaça iş orunlarynyň 12 müňe golaýy dörediler. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir eder. Täze gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kubmetre barabar bolar. Ony, şol sanda kömekçi ýerüsti düzümi 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu döwletara turbageçirijiniň türkmen böleginde “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň hünärmenleri diametri 1420 millimetre barabar bolan turbalaryň 6 kilometrden gowragynyň kebşirlemek işlerini alyp barýarlar.