Ýurdumyzda şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda guramak üçin uly tagalla edilýär. Saýlaw möwsümi işjeň ýagdaýda dowam edýär. Ol mundan ozalky saýlawlara garanyňda, düýpli tapawutlanýar. Prezident saýlawyna ýurdumyzda hereket edýän 3 syýasy partiýa ilkinji gezek gatnaşýar. Ýurdumyzdaky Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärlige hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň teklipçi toparyna degişlidir. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 1991-nji ýylda, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 2012-nji ýylyň awgustynda, Agrar partiýa 2014-nji ýylyň sentýabrynda döredildi.
Partiýalaryň üçüsi-de Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri kesgitlediler: Demokratik partiýa häzirki döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy; Senagatçylar we telekeçiler partiýasy “Rysgal“ Täjirçilik paýdarlar bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýewi; Agrar partiýa – partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowy hödürledi.
Saýlawlarda raýatlaryň teklipçiler toparlarynyň altysy döredildi. Olardan Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynyň direktory Ramazan Durdyýew, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow, Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş baş müdirliginiň başlygy Serdar Jelilow, “Garabogazsulfat“ ÖB-niň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow dagy Prezidentlige dalaşgärlige hödürlendi.
Häzirki saýlawlarda toparlaryň altysynyň hemmesine sesleriň zerur sanyny toplamak başartdy, bu bolsa türkmen jemgyýetiniň raýatlyk kämilligine, halkyň, ýurduň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýanlygyna şaýatlyk edýär. Bu uly syýasy-jemgyýetçilik çäresine taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyz boýunça saýlaw uçastoklarynyň 2582-si, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda 39-sy döredildi.
Häzirki wagtda dalaşgärler öz maksatnamalary bilen ildeşlerimizi tanyşdyrýarlar. Saýlawlaryň guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmegi üçin tagalla edýän Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topary saýlaw möwsümi barada halkyň arasynda giňden wagyz etmek üçin ýöriteleşdirilen internet saýtyny döretdi. “saylav.gov.tm” saýtynda Prezident saýlawlarynyň geçişi barada maglumat almaga mümkinçilik döredilýär. Türkmen, rus we iňlis dillerinde saýlawlar baradaky habarlary we analitik makalalary okamaga we olar bilen tanyşmaga ähli şertler üpjün edildi.