Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len gö­zel Di­ýa­ry­myz­da 2016-njy ýy­ly “Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­ly” diý­lip, yg­lan edil­me­gi, edil şo­nuň ýa­ly-da, şu ýyl Da­şo­guz şä­he­ri­niň GDA döw­let­le­ri­niň paý­tag­ty diý­lip, saý­la­ny­lyp alyn­ma­gy mer­da­na hal­ky­myz­da çäk­siz ru­hu­be­lent­lik dö­ret­di. Ýur­du­myz­da bu aja­ýyp wa­ka­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­ly çä­re­ler mil­li Li­de­ri­mi­ziň hal­ky­my­za ba­gyş eden bag­ty­ýar­lyk za­ma­na­sy­na eg­sil­mez gu­wan­jy, buý­san­jy bo­lup ýaň­lan­ýar.
Ýur­du­my­zyň de­mir­ga­zyk we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi Da­şo­guz şä­he­ri we­la­ýa­tyň do­lan­dy­ryş, yk­dy­sa­dy, me­de­ni mer­ke­zi bol­mak bi­len, ýyl­sa­ýyn gül­le­ýän-gül aç­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň hem­me ba­bat­da çalt ös­ýän şä­her­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar.
Şä­her Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de has-da gö­zel keş­be eýe bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da welaýat merkezi yk­dy­sa­dy, me­de­ni ba­bat­da ösüş­le­riň şaýo­lu­na düş­di. Şä­he­riň öň­ki ta­ry­hy keş­bi tä­ze gur­lan öz­bo­luş­ly bi­na­lar bi­len aja­ýyp saz­laş­ýar. Şa­badyň ke­na­ry onuň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we gel­ýän myh­man­la­ryň hö­wes bi­len dynç al­ýan ýe­ri­ne öw­rül­di.
Soň­ky ýyl­lar­da bu ýer­de dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ryň köp­san­ly­sy, has oňaý­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň en­çe­me­si, kuw­wat­ly se­na­gat kär­ha­na­la­ry gu­rul­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da “Bagt köş­gü­niň”, Ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi­niň hem-de we­la­ýat ki­tap­ha­na­sy­nyň ka­şaň bi­na­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. 3 müň orun­lyk tä­ze met­ji­diň, myh­man­ha­na­nyň, aý­la­wyň we kö­pu­gur­ly söw­da mer­ke­zi­niň örän owa­dan ak mer­mer­li bi­na­la­ry şä­he­riň gör­kü­ni art­dyr­ýar.
Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem-de bol­sa, Mer­ke­zi Aziýa­nyň halk­la­ry­nyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk­la­ry ha­sap edil­ýän tä­sin ta­ry­hy we ar­heo­lo­gi­k ýa­dy­gär­lik­leri jem­le­nen­dir.
Mer­da­na hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly geç­mi­şin­de öç­me­jek yz gal­dy­ran ýer­le­riň bi­ri hem Kö­ne­ür­genç top­ra­gy­dyr. Bu şä­he­r göz­ba­şy­ny ga­dym­dan alyp gaýd­ýan ylym-bi­li­miň mes­ge­ni hök­mün­de bü­tin dün­ýä­de meş­hur­dyr. Be­ýik akyl­dar­la­ry or­ta çy­ka­ran ga­dy­my Kö­ne­ür­genç di­ňe bir yl­myň, me­de­ni­ýe­tiň ösen ýe­ri bol­man, eý­sem, bu top­rak özü­niň aja­ýyp bi­na­gär­çi­lik sun­ga­ty bi­len-de uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Kö­ne­ür­genç şä­he­ri dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan köp san­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň we Türk­me­nis­ta­nyň dür­li kün­jek­le­rin­den ja­han­keş­de­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Kö­ne­ür­genç döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­syn­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len tä­sin bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri, hal­ky­my­zyň asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş alyp gaýd­ýan, bi­ziň gün­le­ri­miz­de aýaw­ly sak­la­nyl­ýan öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga, müm­kin­çi­lik bar.
Hä­zir­ki wagt­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de dür­li dö­wür­le­re de­giş­li bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň 20-ä go­la­ýy sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Nej­med­din Kub­ra­nyň hem-de Sol­tan Aly­nyň küm­met­le­ri­niň bi­na­gär­lik top­lum­la­ry, “Daş met­jit” mu­ze­ýi we Tö­re­beg ha­ny­myň küm­me­ti, Daş­ga­la ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň – “Ker­wen­sa­raý gi­rel­ge­si”, Il Ars­la­nyň, Te­ke­şiň küm­met­le­ri, Gut­lug Timuryň Mer­ke­zi Azi­ýa­da­ky iň be­lent mi­na­ra­sy bi­na­gär­lik sun­ga­ty­nyň aja­ýyp gym­mat­lyk­la­ry­ny dö­re­den hal­ky­my­zyň bi­na­gär­le­ri­niň gaý­ta­lan­ma­jak eser­le­ri­dir.
Tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da bu we­la­ýa­tyň çä­gin­dä­ki türk­men sa­zy­nyň pi­ri Aşyk Aý­dyň pi­riň aram­gä­hi­ne, Şa­se­ne­miň ga­la­sy, Ak­ja ga­la, Yb­ra­ýym Ed­hem ga­la­lar top­lu­my ýa­ly mu­kad­des ýer­le­re ge­lip-gid­ýän da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň, öz il­deş­le­ri­mi­ziň yzy üzül­me­ýär.
Bu ga­dy­my top­rak­da Abu Reý­han Bi­ru­ni, Mah­myt Za­mah­şa­ry, Nej­med­din Kub­ra, Mah­myt Päl­wan, Aşyk Aý­dyň Pir, Nur­mu­ham­met An­da­lyp, Ab­dyl­la Şa­ben­de, Gur­ba­na­ly Mag­ru­py ýa­ly Gün­do­ga­ryň be­ýik alym­la­ry we meş­hur şa­hyr­la­ry ýa­şap­dyr we dö­re­dip­dir. Be­ýik alym­la­ra bu ýer­de düýp­li yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni alyp bar­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lip­dir. Olar dün­ýä yl­my­nyň hem-de me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak go­şant go­şup­dyr­lar, hal­ky­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny be­len­de gö­te­rip­dir­ler.
Soň­ky ýyl­lar­da Da­şo­guz dür­li iri dö­re­di­ji­lik fo­rum­la­ry­nyň, şol san­da ýur­du­myz­da her ýyl ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň, Öz­be­gis­ta­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dost­luk fes­ti­wal­la­ry­nyň, hal­ka­ra yl­my mas­la­hat­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. 2015-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Aş­ga­bat­da we Kö­ne­ür­genç­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len “Be­ýik Ýü­pek ýo­lun­da me­de­ni­ýet­le­riň söh­bet­deş­li­gi” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bu du­şu­şy­ga gat­naş­mak üçin 37 döw­let­den alym­lar, ar­heo­log­lar, ta­ryh­çy­lar, me­de­ni­ýe­ti we sun­ga­ty öw­re­ni­ji­ler, ant­ro­po­log­lar, ut­ga­şyk ul­gam­la­ryň hü­när­men­le­ri gel­di­ler.
2015-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da GDA ag­za döw­let­le­riň hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry­nyň Ga­za­gys­tan­da bo­lan sam­mi­tin­de Türk­me­nis­ta­nyň Da­şo­guz şä­he­ri­niň 2016-njy ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň me­de­ni paý­tag­ty diý­lip, yg­lan edil­me­gi dün­ýä­niň ün­sü­ni bu ga­dy­my şä­he­re gö­nük­dir­di.
Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen ga­dy­my türk­men şä­he­ri­ne hor­mat­ly de­re­jä­niň be­ril­me­gi köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da öza­ra me­de­ni gat­na­şyk­lar ul­ga­myn­da ýur­du­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ra uzap gid­ýän şöh­rat­ly ta­ry­hy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni ala­mat­lan­dyr­ýan şan­ly wa­ka­dyr. Şeý­le hem Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, yn­san­per­wer­lik hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek, baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny gel­jek ne­sil­le­re ýe­tir­mek ba­bat­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň yk­rar edil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
2012-nji ýyl­da şeý­le de­re­je Ma­ry şä­he­ri­ne be­r­lip­di. Ol ýer­de Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­de halk­la­ryň dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­ýan­dy­gy­ny, me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dy­ran çä­re­ler üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di.
Ýa­kyn­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de Ar­ka­la­şy­gy­ň Me­de­ni paý­tag­ty di­ýen de­re­jä­niň be­ril­me­gi­niň çäk­le­rin­de gu­ral­ýan çä­re­le­re ba­dal­ga be­ril­di. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak üçin GDA-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň, GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň yn­san­per­wer­lik hyz­mat­daş­ly­gy­nyň Döw­le­ta­ra gaz­na­sy­nyň, şol döw­let­le­riň me­de­ni ul­gam­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, žur­na­list­ler, Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň sun­gat us­sat­la­ry hem-de dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry gel­di­ler.
Ar­ka­la­şy­gyň me­de­ni paý­tag­ty hök­mün­de yg­lan edi­len Da­şo­guz­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň Mi­ra­sa sar­pa goý­mak, Wa­ta­ny öz­gert­mek ýy­ly­na ga­bat gel­me­gin­de çuň­ňur ma­ny bar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň iň go­wy däp­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi we ola­ryň gel­jek ne­sil­le­re ge­çi­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Bu ýö­rel­ge­le­riň dur­nuk­ly hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy ne­ti­je­sin­de, olar dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ta­ry­hyn­da gör­nük­li orun eýe­le­ýär. Mil­li ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň we däp-des­sur­la­ryň aýaw­ly sak­lan­ma­gy, ola­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn öw­re­nil­me­gi we ös­dü­ril­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň alyp barýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Türk­me­nis­tan GDA-nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy hök­mün­de iki­ta­rap­la­ýyn, şeý­le hem köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ug­run­da çy­kyş ed­ýär hem-de şol gat­na­şyk­la­ry dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we deň­hu­kuk­ly öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­rin­den ugur alyp gu­ra­ýar. Da­şo­guz­da ge­çi­ril­ýän we ge­çir­iljek da­ba­ra­lar mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Bu ýer­de Ar­ka­la­şy­gyň döw­let­le­ri­niň me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň, ýa­zy­jy­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da mas­la­hat­la­ry, du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek, sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­sert­le­ri­ni gu­ra­mak we beý­le­ki hal­ka­ra çä­re­le­ri­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le hem ýy­lyň do­wa­myn­da sah­na oýun­la­ry, ki­no­film­ler, sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­sert­le­ri, ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­la­ryň we çe­per eser­le­riň ser­gi­le­ri guralar.
Maý aýyn­da GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň alym­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da “Türk­me­nis­tan – baý ru­hy-ta­ry­hy mi­ra­sy bo­lan ýurt” at­ly Hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­rilýär. Aw­gust aýyn­da Kö­ne­ür­gen­jiň ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne ba­gyş­la­nan “te­ge­lek stol­lar” we beý­le­ki çä­re­ler gur­a­lar.
Paý­tag­ty­myz­da her ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­ýän “Ki­tap—hyz­mat­daş­ly­ga we ösü­şe ta­rap ýol” at­ly ХI Hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy­nyň çäk­le­rin­de Da­şo­guz­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na ag­za döw­let­le­ri­niň ne­şir önüm­le­ri­niň ser­gi­si gura­lar. Şeý­le hem GDA ýurt­la­ry­nyň döw­let we mil­li ki­tap­ha­na­la­ry­nyň di­rek­tor­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da “Halk­la­ryň ga­dy­my mi­ra­sy­ny aýaw­ly sak­la­mak­da hem-de wa­gyz et­mek­de ki­tap­ha­na­la­ryň or­ny” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ri­ler. No­ýabr aýy­nyň ba­şyn­da “Gö­rog­ly” şa­des­sa­ny­nyň äh­mi­ýe­ti­ne hem-de onuň dün­ýä me­de­ni­ýe­tin­dä­ki or­nu­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýa­daw­syz ala­da et­me­gin­de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän bu köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler mer­da­na hal­ky­my­zyň öz ta­ry­hy­na, mil­li ru­hu­na, pa­ra­hat­çy­ly­ga, dün­ýä halk­la­ry­nyň asu­da­ly­gy­na, do­gan­lyk-dost­luk gat­na­şyk­la­ry­na, je­bis­li­gi­ne goý­ýan be­lent hor­ma­ty­ny aý­dyň ala­mat­lan­dyr­ýar.
Goý, bu ge­çi­ril­ýän aja­ýyp çä­re­le­riň ba­şyn­da du­rup, ba­dal­ga be­rip, ola­ryň çuň­ňur ma­ny-maz­mun­ly, be­lent de­re­je­de geç­me­gi ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýän Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy üçin tut­ýan be­lent tu­tum­la­ry he­mi­şe uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Myratdurdy GAR­JA­NOW,
“ZA­MAN–TÜRK­ME­NIS­TAN”
ga­ze­ti­niň baş re­dak­to­ry.