2-nji dekabrda paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeginden gelen çagalary Gökderäniň ajaýyp dynç alyş toplumlaryna ugratmak dabarasy boldy. Bu ýerde gyşky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýaş raýatlary üçin Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk çykyşlary guraldy. Dabara bilim ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ene-atalar, şäheriň köpsanly ilaty, şeýle hem Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk gatnaşdy.