Hytaý kompaniýasy “LeEco” özüniň “ОС Android” programmaly iki sany “akylly” elektrik welosipedini CES 2017 sergisine hödürledi. “Smart Road Bike” şäherde sürmek üçin niýetlenip, 8,3 kilogram agramy, “Smart Mountain Bike” bolsa, 12,2 kilogram agramy bilen tapawutlanyp, beýikli-pesli we daglyk ýerler üçin niýetlenendir. Welosipedleriň ikisiniň hem ramasy ýeňil we mäkäm uglerod süýüminden ýasalan.
Elektrik smart-welosipedleri “Snapdragon” 410 prosessory, 600 mAh batareýasy, lazer görkezijisi, ýürek urgusyny görkezýän datçik, dinamika we kamera bilen abzallaşdyrylan. Welosipedleriň ähli amallarynyň dolandyrylyşy “BikeOS” daşlykly “Android” amaly ulgamy bilen berjaý edilýär. Elektrobaýk gidip barýarka, hojaýynynyň smartfonundaky jaňlary ugratmaga, ýazgy üsti bilen habar ýollamaga, kartadan barýan ugruňy görmäge ukyplydyr. “LeEco” kompaniýasy heniz elektrowelosipedleriň anyk bahasyny mälim etmedi, ýöne olaryň 2017-nji ýylyň ikinji çärýeginde satuwa çykaryljakdygyny habar berdi.