Bu ýyl “uefa.com” ta­ra­pyn­dan 16-njy ge­zek ge­çi­ri­len ýy­lyň sim­wo­lik to­pa­ry üçin ses ber­li­şik ta­mam­lan­dy. Ses ber­li­şi­ge 7 mil­li­on­dan gow­rak fut­bol jan­kö­ýe­ri gat­naş­dy. 11 oýun­çy­nyň 4-si Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ýe­ňi­ji­si “Re­al Mad­rid­den” bol­sa, onuň eze­li bäs­de­şi “Bar­se­lo­na­dan” 3 fut­bol­çy saý­la­nyp­dyr. “Ýu­wen­tus­dan” 2, “Ba­wa­ri­ýa­dyr” “At­le­ti­ko­da­nam” 1 oýun­çy ýy­lyň sim­wo­lik ýy­gyn­dy­syn­da özü­ne orun tap­dy. 4 oýun­çy il­kin­ji sa­par sa­na­wa alyn­dy.
Fut­bol muş­dak­la­ry­nyň saý­lan to­pa­ryn­da der­we­ze­de “Ýu­wen­tu­syň” eý­ýäm­den ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len oýun­çy­sy Ji­an­lui­ji Buf­fo­n bar. Iň soň­ky sa­par 9 ýyl öň bu sa­na­wa saý­la­nan Buf­fon 4-nji ge­zek ýy­lyň to­pa­ry­na öz ady­ny ýaz­dyr­ma­gy ba­şar­dy. Ga­ly­ber­se-de, ol ýy­lyň to­pa­ry­na saý­la­nan iň ýa­şu­ly fut­bol­çy bol­dy.
To­pa­ryň go­ra­gy şu ge­zek­ki saý­la­ny­şyk­da iň köp ses alan “re­al­ly” Ser­jio Ra­mos (488908 ses) bi­len bir ha­tar­da, “Ýu­wen­tus­dan” Leo­nar­do Bo­nuç­çi, “Bar­se­lo­na­dan” Je­rard Pi­ke hem-de “Ba­wa­ri­ýa­dan” Že­rom Boa­teng da­ga yna­ny­lyp­dyr. 6-njy ge­zek saý­la­nan Ra­mos bu ugur­da go­rag­çy­la­ryň ara­syn­da Çar­les Pu­ýo­lyň re­kor­dy­na şä­rik bol­dy. Bo­nuç­çi bi­len Boa­teng il­kin­ji ge­zek sa­na­wa ady­ny ýaz­dy­ran bol­sa, Pi­ke üçin bu gör­ke­zi­ji 5-e deň­dir.
Ýa­rym­go­rag­çy­lar­dan “Re­al Mad­ri­diň” oýun­çy­la­ry Lu­ka Mod­riç bi­len To­ni Kroos hem-de “Bar­se­lo­na­dan” And­res Inies­ta saý­lan­dy. Mod­riç 1-nji, Kroos 2-nji, Inies­ta we­lin, 6-njy ýo­la ýy­lyň to­pa­ry­na go­şul­ma­gy ba­şar­dy. Inies­ta ýa­rym­go­rag­çy­la­ryň ara­syn­da iň köp saý­la­nan oýun­çy bol­dy.
Ýylyň simwolik ýygyndysynyň hüjümçileri hökmünde-de Kris­tia­no Ro­nal­do (“Re­al Mad­rid”), Lio­nel Mes­si (“Bar­se­lo­na”) hem-de An­tu­an Griz­mann (“At­le­ti­ko”) saý­lan­dy. Ro­nal­do 11-nji ge­zek saý­la­nyp, bu gör­ke­zi­ji re­kor­da deň­dir. Ol bu ge­zek­ki saý­la­ny­şyk­da iň köp ses alan 2-nji fut­bol­çy bol­dy. Bas­syr 10-njy ýo­la saý­la­nan Ro­nal­do il­ki-il­ki­ler ýa­rym­go­rag­çy­la­ryň ha­ta­ryn­da sa­na­wa alyn­ýar­dy. Şu sa­par 418449 ses Lio­nel Mes­si 8-nji gaý­ra ýy­lyň sim­wo­lik ýy­gyn­dy­sy­na öz ady­ny ýaz­dyr­dy. Ol bu ugur­da Ro­nal­do­dan soň 2-nji orun­da dur­ýar. Fran­si­ýa­ly hü­jüm­çi An­tu­an Griz­mann il­kin­ji ge­zek sa­na­wa go­şul­dy.
2001-nji ýyl­dan bä­ri fut­bol muş­dak­la­ry­nyň ses ber­me­gi esa­syn­da saý­lan­ýan ýy­lyň sim­wo­lik ýy­gyn­dy­sy­na iň köp “Bar­se­lo­na­dan” oýun­çy alyn­dy (44). “Re­al mad­rid­li” oýun­çy­lar 39, “ba­wa­ri­ýa­ly­lar” 20, “Mi­la­nyň” ýyl­dyz­la­ry-da 18 ge­zek to­pa­ra saý­la­nyp­dyr. Fut­bol muş­dak­la­ry iň köp is­pa­ni­ýa­ly fut­bol­çy­la­ry saý­lap­dyr­lar. 40 ge­zek saý­la­nan is­pan­lar­dan soň, bra­zi­li­ýa­ly­lar 21, fran­si­ýa­ly­lar 17 sa­par sa­na­wa al­nyp­dyr.
Hä­zi­re çen­li 22 ýurt­dan, je­mi 78 fut­bol­çy ýy­lyň sim­wo­lik ýy­gyn­dy­sy­na öz ady­ny ýaz­dyr­dy. Ar­gen­ti­na­ly hü­jüm­çi Ser­jio Kun Ague­ro 6-njy ge­zek da­laş­gär gör­ke­zil­se-de, oňa hä­zir­lik­çe bu ar­zy­ly sa­na­wa gir­mek ba­şart­ma­dy.
UEFA–2016 ýy­lyň sim­wo­lik to­pa­ry: Ji­an­lui­ji Buf­fon (“Ýu­wen­tus”); Ser­jio Ra­mos (“Re­al Mad­rid”), Leo­nar­do Bo­nuç­çi (“Ýu­wen­tus”), Je­rard Pi­ke (“Bar­se­lo­na”), Že­rom Boa­teng (“Ba­wa­ri­ýa”); And­res Inies­ta (“Bar­se­lo­na”), To­ni Kroos (“Re­al Mad­rid”), Lu­ka Mod­riç (“Re­al Mad­rid”); Kris­tia­no Ro­nal­do (“Re­al Mad­rid”), An­tu­an Griz­mann (“At­le­ti­ko”), Lio­nel Mes­si (“Bar­se­lo­na”).