“Senagat” paýdarlar täjirçilik banky “Türkmenistanda ýylyň banky – 2016” diýen dereje bilen sylaglandy. Türkmenistanyň kredit edarasy şeýle derejä “Financial Times” toparyna girýän belli maliýe neşiri “The Banker” tarapyndan Londonda guralýan “Bank of the Year Awards 2016” sylagynyň gowşurulyşynyň ýyllyk dabarasynda eýe boldy.
“The Banker” baýragyny gowşurmagyň dabarasy – her ýyl geçirilip, oňa dünýäniň iň gowy maliýe edaralary gatnaşýar. “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky şeýle abraýly baýraga eýýäm, ikinji gezek mynasyp boldy. “Senagat” banky – Türkmenistanyň iň ilkinji täjirçilik banklarynyň biridir. Bankyň hyzmatlaryndan hususy telekeçiler, hususy eýeçilige degişli ähli kärhanalar, bilelikdäki kärhanalar, şeýle hem, daşary ýurt kompaniýalary peýdalanýarlar.