11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekili, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili hanym Ýelena Panowany kabul etdi. Ol ynanç hatyny gowşurdy. Pikir alyşmalaryň barşynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara bildirilýän gyzyklanma tassyklanyldy.
BMG Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryny millileşdirip, şol maksatlary milli meýilnamalara ornaşdyrmagyň üstünde bilelikde işlemäge başlan ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny ykrar edýär diýip, hanym Ýelena Panowa aýtdy. BMG-niň wekili Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna Türkmenistanyň goşýan goşandyna, BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ýurduň beýan edýän sebit we dünýä derejeli başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Döwlet Baştutanymyz ulag, ählumumy howpsuzlyk, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginden döreýän netijeleriň garşysyna göreşmek ulgamlarynda türkmen tarapynyň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň edaralary we düzümleri bilen özara hereket edip, ählumumy gün tertibi boýunça çekişmelere Türkmenistanyň mundan beýläk-de örän işjeň gatnaşmaga meýillidigini aýtdy.
Hanym Ýelena Panowa Türkmenistan bilen BMG-niň bilim, çagalaryň abadançylygy, saglygy goraýyş we durmuş goraglylygy ýaly möhüm ugurlarda mundan beýläk-de üstünlikli işlemek üçin tagalla etjekdigine ynandyrdy.
Bellenilişi ýaly, BMG durmuş-ykdysady taýdan ösüşe, Türkmenistanyň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeleri goldaýar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baş edarasy açyldy, ähmiýetli halkara maslahatlar yzygiderli geçirilýär, şol sanda geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahat bolup geçdi. Şol günler bolsa, türkmen paýtagtynda BMG-niň Wekilhanasynyň täze binasy açyldy.
11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Maligi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we pakistanly diplomat bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.
Jenap Abdul Malik TOPH gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň ähmiýetini belledi. Onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagy sebit we dünýä derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder. Şeýle hem ilçi Pakistana türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamanyň möhümdigini belledi. Nygtalşy ýaly, Pakistan türkmen tarapynyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlaryny goldaýar.
Döwlet Baştutanymyz we Pakistanyň doly ygtyýarly wekili medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda taraplar ylym, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem ylym we bilim edaralarynyň, döredijilik merkezleriniň derejesinde göni gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi.