AFK Kubogy futbol ýaryşynda ýurdumyzyň adyndan wekilçilik etjek 2 toparyň biri bolan “Balkan” saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň “Dordoý” (Bişkek) topary bilen güýç synanyşar. Bişkekliler saýlama tapgyryna çykmak üçin Makau döwletiniň “Benfika de Makau” hem-de Guamyň “Rowers” klublaryndan üstün çykdy. Şunlukda, “Dordoý” bilen ýurdumyzyň wise-çempiony “Balkanyň” arasyndaky duşuşyklaryň 1-njisi 31-nji ýanwarda Bişkekde oýnalar. Jogap duşuşygy-da 7-nji fewralda ýurdumyzda geçiriler. Bu tapgyrda ýeňiji bolan topar pleý-off tapgyrynda “Şahin Asmaýi” (Owganystan)–“Hosilat” (Täjigistan) duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar (21–28-nji fewralda). Pleý-offda ýeňiş gazanan klubam toparçada oýnamaga ygtyýar alar. Ýagny bu topar “D” toparçada çykyş eder. “Balkan” bu hukuga eýe bolan ýagdaýynda “D” toparçada ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” bilen, şol sanda Täjigistanyň “Istikloly” hem-de Gyrgyzystanyň “Alaý Oş” toparlary bilen özara duşuşyk geçirer. AFK Kubogynyň toparçadaky duşuşyklary 20-nji fewralda başlap, 31-nji maýda tamamlanar.
AFK Kubogy täze möwsümine dürli üýtgeşmeler bilen bat aldy. Aziýa yklymynyň wekilleri öz ýerleşýän zolaklaryna görä bölünip, toparçalar hem şol zolaklar esasynda düzüldi. Ýagny, Orta Aziýa, Gündogar, Günorta, Günbatar we ASEAN zolaklaryna bölündi. Şeýlelikde, toparçadaky duşuşyklaryň geçiriljek wagtlary şol zolaklarda ýerleşýän ýurtlaryň howa şertlerine görä senenamalaşdyryldy. Orta Aziýa zolagynyň klublaryny düzýän “D” toparçanyň duşuşyklary 14-nji martda başlanýar. AFK kubogynyň toparçalaryna 36 klub gatnaşyp, olar 4 toparly 9 toparçada çykyş ederler.
“A”: “Al-Zawraa” (Yrak), “Al-Ahli” (Iordaniýa), “Al-Jaiş” (Siriýa), Pleý-offuň ýeňijisi
“B”: “Al-Hidd” (Bahreýn), “Al-Kuwa Al-Jawia” (Yrak), “Safa” (Liwan), “Al-Wahda” (Siriýa)
“C”: “Al-Wehdat” (Iordaniýa), “Al-Muharrak” (Bahreýn), “Saham” (Oman), “Nejmeh” (Liwan)
“D”: “ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN), “Istiklol” (Täjigistan), “Alaý Oş” (Gyrgyzystan), Pleý-offuň ýeňijisi
“E”: “Bengaluru” (Hindistan), “Maziýa” (Maldiwler), “Daka Abahani” (Bangladeş), Pleý-offuň ýeňijisi
“F”: “Johor Darul Tazim” (Malaýziýa), “Magwe” (Mýanma), “Global” (Filippinler), Pleý-offuň ýeňijisi
“G”: “Ha Noi T&T” (Wýetnam), “Felda Ý.” (Malaýziýa), “Tampines R.” (Indoneziýa), “Seres-Negros” (Filippinler)
“H”: “Ýadanarbon” (Mýanma), “Tan Kuang Ninh” (Wýetnam), “Lanekşang Ý.” (Laos), Pleý-offuň ýeňijisi
“I”: “April 25” (D. Koreýa), “Taiwan Power Kompani” (Hytaý Taýpeýi), “Kigwança” (D. Koreýa), Pleý-offuň ýeňijisi