Geçen ýyl Fransiýada geçirilen futbol boýunça 15-nji Ýewropa çempionatynda garaşylandan köp girdeji alyndy. Bu barada ýurduň sport ministri Patrik Kanner giňişleýin habar berýär. Kanner çempionatyň ýurduň ykdysadyýetine, şol sanda sosial we syýasy durnuklylygyna özüniň oňaýly täsirini ýetirendigini belläp geçdi. Ministriň aýtmagyna görä, Portugaliýanyň çempionlygy bilen tamamlanan ýaryşdan Fransiýa jemi 1,2 milliard ýewro girdeji alypdyr. Onuň 500 million ýewrosy syýahatçylyk pudagyndan gelen bolsa, petek we futbola degişli beýleki önümlerden 476 million ýewro gazanylypdyr. Galan 244 million ýewronyň-da beýleki girdejilerden alnandygy bellenilýär.
Bir aýlap dowam eden çempionatyň duşuşyklaryna tomaşa etmek üçin bu ýurda jemi 536 müň futbol muşdagynyň gelendigi habar berildi. Şol döwürde olaryň 50 göterimden gowragy Pariždäki, 33 göterimi Liondaky, 29 göterimi-de Marseldäki myhmanhanalarda ýaşapdyr.
Futbol baýramçylygynyň UEFA-nyň kassasyna hem 1,9 milliard ýewro girdeji gazandyrandyr diýlip çaklanylýar. UEFA bu ýaryş üçin 1,1 milliard ýewrolyk çykdajy edipdi.