Lyža boýunça geçirilen “Tur de Ski – 2016/17” ýaryşy tamamlandy. Şweýsariýanyň Wal-Müstair diýen ýerinde başlanan bäsleşikler Italiýanyň Wal di Fiemme diýen zolagynda tamamlandy. Alp daglarynda guralan bu ýaryş jemi 7 tapgyrlap dowam etdi. 3–4-nji tapgyrlar Germaniýada geçirildi. Türgenler lyžanyň sprint, mass-start, skiatlon ýaly görnüşlerinde özara bäsleşdiler. Netijede, 31-nji dekabrda bat alan bäsleşikde erkekleriň arasynda russiýaly Sergeý Ustýugow ýeňiş gazandy. Onuň görkezen netijesi 3 sagat 24 minut 47,9 sekunda deň boldy. Ol “Tur de Ski” lyža ýaryşynda Aleksandr Legkowdan (2012/13) soň çempion bolan 2-nji russiýaly türgendir. Ýaryşda 2-nji orny 2013/14 we 2016-njy ýyllaryň çempiony norwegiýaly Martin Jonsrud Sandbi, 3-nji ýeri-de şweýsariýaly Dariýa Kolon eýeledi.
Zenanlaryň arasynda norwegiýaly Heidi Weng çempion boldy. Ol skandinawiýaly kärdeşleri finlýandiýaly Krista Parmakoskiden hem-de şwesiýaly Stina Nilssondan öňe saýlandy. Mundan öňki 3 ýaryşda 3-nji ýeri eýelän Heidi Wengiň görkezen netijesi 2 sagat 27 minut 39,4 sekunda deň boldy. “Tur de Ski” bäsleşiginde bassyr 4 gezekden bäri norwegiýaly lyžaçy gyzlar ýeňiji bolýar. Ondan öň polşaly Ýustina Kowalçik yzly-yzyna 4 çempionlyk gazanypdy.