Ýur­du­myz­da döw­let Baş­tu­ta­ny­ny saý­la­mak bo­ýun­ça ba­dal­ga ber­len mö­hüm äh­mi­ýet­li sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň saý­law­la­ry bo­ýun­ça da­laş­gär­le­ri bel­li­ge al­mak möw­sü­mi ta­mam­lan­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar, ra­ýat­la­ryň tek­lip­çi to­par­la­ry ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­ni­len da­laş­gär­le­riň hem­me­si – 9-sy bel­li­ge alyn­dy. Ka­nu­na la­ýyk­lyk­da, bel­li­ge al­nan da­laş­gär­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar bel­le­ni­len möh­let­ler­de we do­lu­ly­gy­na köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri – te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­r, ga­zet­ler ar­ka­ly ila­tyň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ril­di.
Hä­zir­ki wagt­da bel­li­ge al­nan da­laş­gär­le­riň saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky wa­gyz iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de we­la­ýat­lar­da saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­la­ry, öz mak­sat­na­ma­la­ry ba­ra­da çy­kyş et­mek iş­le­ri do­wam ed­ýär. Da­laş­gär­le­riň äh­li­si üçin deň şert­ler­de ge­çi­ril­ýän wa­gyz iş­le­ri giň ge­rim­de alnyp barylýar.
18-nji ýan­war­da Ak bug­daý et­ra­by­nyň Gä­mi oba­sy­nyň Me­de­ni­ýet öýün­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne da­laş­gär, Mej­li­siň de­pu­ta­ty, Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dy­nyň di­rek­to­ry Ra­ma­zan Dur­dy­ýe­wiň, Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ryn­da da­laş­gär, Mej­li­siň de­pu­ta­ty, “Rys­gal” Paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Bek­my­rat Ata­ly­ýe­wiň, Da­şo­guz şä­he­ri­niň N.An­da­lyp adyn­da­ky döw­let saz­ly-dra­ma te­at­ryn­da döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň orun­ba­sa­ry Ju­ma­na­zar An­na­ýe­wiň hem-de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň S.Seý­di adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ryn­da ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ne da­laş­gär, Azyk se­na­ga­ty döw­let bir­le­şi­gi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Mak­sat An­na­ne­pe­so­wyň saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şy­klary bol­dy.
Şeý­le hem 20-nji ýan­war­da da­laş­gär­ler Mak­sat An­na­ne­pe­sow Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň M.Ke­mi­ne adyn­da­ky dra­ma te­at­ryn­da, Ju­ma­na­zar An­na­ýew Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň mas­la­hat za­lyn­da, Bek­my­rat Ata­ly­ýew Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň N.An­da­lyp adyn­da­ky döw­let dra­ma te­at­ryn­da, Ra­ma­zan Dur­dy­ýew Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy­nyň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň me­de­ni-sport mer­ke­zin­de, Me­ret­dur­dy Gur­ba­now bol­sa, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Änew şä­he­ri­niň Me­de­ni­ýet öýün­de saý­law­çy­lar bi­len du­şuş­dy.