Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysadyýet strategiýasynyň esasynda ýurdumyz agrar ýurt bolmakdan çykyp, senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna ynamly goşulýar. Muňa ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurulýan iri senagat desgalary hem aýdyň güwä geçýär. Uglewodorod serişdeleriniň baý goruna eýe bolan ýurdumyzda tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň bähbidine ulanmak bilen çäklenilmän, olaryň dünýä jemgyýetçiligine hem peýdaly bolmagy ugrunda tagalla edilýär. Ýurdumyzyň senagat pudagynyň kuwwatyny barha ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işleriň netijesinde, gaz-himiýa we elektrik energiýasynyň önümçiliginde ägirt uly maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.
Bu ugurda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz şu hepdäniň dowamynda Balkan we Mary welaýatlarynda iş saparynda boldy. Döwlet Baştutanymyz gojaman Hazar deňziniň kenaryny etekläp oturan Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda bu welaýatyň çäklerinde Garabogaz şäherinde gurulýan iri karbamid zawodynyň, Gyýanlydaky gaz-himiýa toplumynyň, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň gurluşygy bilen tanyşdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze döwrebap sport toplumynyň gurluşygyny gözden geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna amala aşyran saparynyň çäklerinde bolsa, utgaşykly dolanyşykda işleýän gazbugturbinaly elektrostansiýanyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrostansiýa “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça Mary DES-niň çäklerinde bina edilýär.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlara amala aşyran saparynyň çäklerinde iri senagat desgalarynyň gurluşyk işleri bilen tanyşmagyň barşynda bu ýerde işleýän gurluşykçylar bilen söhbetdeş boldy we olaryň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdi. Hormatly Prezidentimiz garaşsyz ösüşiň geçen 25 ýylynyň içinde Türkmenistanda halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady. Gysga döwrüň içinde ýurdumyz senagat taýdan ösen döwlete öwrüldi, daşary syýasatda uly üstünlikler gazanyldy.
Döwlet Baştutanymyz gurluşykçylardan we energetiklerden zähmet we dynç alyş şertleri, zähmet haklarynyň öz wagtynda berlişi bilen gyzyklanyp, bu ýere ýygnananlar bilen beýan edilen pikirleri we garaýyşlary ara alyp maslahatlaşdy hem-de olaryň sowallaryna, şol sanda ýurdumyzda geçiriljek Prezident saýlawlaryna degişli sowallaryna jogap berdi.
Karbamid önümçiligi
boýunça zawod
Zawodyň gurluşygy “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Mitsubishi Corporation” ýapon we “Gap Inşaat” türk kompaniýalaryndan ybarat bolan konsorsium tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. Gurluşyk işlerine 2014-nji ýylyň dekabr aýynda girişildi we ony 2018-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Zawod toplumyny gurmak üçin 60 gektar ýer bölünip berildi. Bu çäkde 10 müň tonnalyk suwuk ammiak ammary, karbamid bölümi, her biriniň sygymy 50 müň tonna bolan karbamid saklanylýan iki ammar, suw arassalaýjy desga, 30 MWt kuwwatlykdaky iki sany gaz turbinaly elektrogenerator, deňiz suwuny akdyrýan ulgam, taýýar önümi gaplamak we ýüklemek boýunça bölüm we beýlekiler ýerleşer.
“Mitsubishi Corporation” we “Mitsubishi Heavy Industries” ýapon kompaniýalary kärhananyň önümçilik bölümlerini iň täze tehnika bilen üpjün edýärler, “Gap Inşaat” kompaniýasy bolsa, esasy inženerçilik hyzmatlary bilen bir hatarda, gurluşyk işlerini, zerur materiallary getirmek, gurnamak hem-de goýberiş-sazlaýyş işlerini amala aşyrýar.
Garabogazda bu zawodyň gurulmagy Türkmenistanyň dünýäde senagat taýdan ösen döwlet hökmünde mynasyp orun almagynyň ýolunda ýene bir uly ädimdir.
Garabogaz aýlagynyň “altyn düýbi” sulfat senagaty üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Karbamid zawodynyň gurluşygyna ABŞ-nyň 1 milliard 571 million dollary gönükdirildi. Bu ýerde täze iş orunlarynyň 900-e golaýy dörediler. Zawodda her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasy hem-de 640 müň tonna ammiak öndüriler. Olaryň aglaba bölegi eksporta iberiler.
Gyýanlydaky iri
gaz-himiýa toplumy
Gyýanly şäherçesinde tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gaz-himiýa toplumy gurulýar. Taslama Ýaponiýanyň “TOYO Engineering” bilen “LG International Сorporation” we “Huyndai Engineering Сorp. Ltd” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Desganyň umumy bahasy ABŞ-nyň 3,4 milliard dollaryna deňdir. Häzirki wagtda bu ýerde 12 müň 170-den gowrak işgär zähmet çekýär, olaryň 10 müň 242-si ýerli işgärler, 1929-sy bolsa, daşary ýurtly hünärmenlerdir. Taslama işleri tamamlandy diýen ýaly (99,5 göterim) möçberde ýerine ýetirildi. Önümçilik enjamlaryny getirmek işleri 97,3 göterim berjaý edildi.
Bu kärhananyň ulanmaga berilmegi bilen, onda 1200-e golaý adam zähmet çeker. Bu ýerde iň täze häzirki zaman enjamlary oturdylar, her ýylda 5 milliard kub metr tebigy gaz gaýtadan işleniler we ýylda 386 müň tonna polietilen, 81 müň tonna polipropilen öndüriler.
Halkara deňiz menzili
Taslamada parom, ýolagçy we konteýner terminalynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Topluma umumy ýükleýji terminal, ürgün ýükler terminaly, polipropilen terminaly, şeýle hem gämi gurluşyk hem-de gämi abatlaýjy zawodlar girýär. Köpugurly portuň umumy meýdany 1 million 400 müň inedördül metrden gowrak bolar. Şunda portuň binýadyny emele getirmek üçin getirilýän topragyň möçberi 5 million kub metre deň bolar. Deňziň düýbüni çuňlaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň netijesinde çykarylýan topragyň möçberi 8,8 million kub metrden gowrak bolar.
Port menziliniň umumy uzynlygy 3 müň 800 metre barabar bolar. Gidrotehniki desgalardan başga-da, bu ýerde köp sanly kenarýaka düzüminiň desgalaryny bina etmek göz öňünde tutulýar, olar şeýle hem ulag üpjünçiligini: estakada aýrytly umumy uzynlygy 3,9 müň metrden gowrak bolan awtoýollary hem-de 30 müň metre golaý uzynlykdaky demir ýollary öz içine alýar.
Halkara deňiz porty görnüşindäki logistika merkeziniň döredilmegi döwletimiziň ykdysady ösüşiniň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Taslamanyň bahasy ABŞ-nyň 1,5 milliard dollaryndan gowrakdyr. Gurluşyk işleri 3,5 ýyla niýetlenendir, ony 2017-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu giň möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy netijesinde, 2500-den gowrak iş orunlary dörediler. Täze portuň her ýyldaky geçirijilik ukyby 17-18 million tonna deňdir.
Awazanyň täze
sport toplumy
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze döwrebap sport toplumy Senagat ministrliginiň buýurmasy boýunça ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýar. Köpugurly sport merkeziniň umumy meýdany 28,5 gektara barabardyr, onuň düzüminde dürli sport, edara we tehniki desgalar bar. Häzirki wagtda şol desgalary ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär. Onuň düzümine sportuň oýun görnüşleri – basketbol, tennis, gimnastika, gandbol, woleýbol üçin niýetlenen otaglar, hokkeý we figuralaýyn typmak üçin meýdançaly “Buzly köşk”, fitnes-merkezi girýär. Mundan başga-da, taslamada iş otaglary bolan edara binasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemegi üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen 150 orunlyk mejlisler zaly, restoran, topluma ýanaşyk ýerde bolsa, basketbol we tennis, woleýbol we futbol oýnamak üçin açyk sport meýdançalary göz öňünde tutuldy. Şeýle hem bu ýerde jemi 250 orunlyk awtoduralgalaryň ikisi bar.
Utgaşykly dolanyşykda
işleýän gazbugturbinaly
elektrostansiýasy
Bir ýylda 12,6 milliard kWt/sagat elektrik energiýasyny çykarmaga niýetlenilen utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrostansiýa ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gazy däl, eýsem, bugy hem peýdalanar. Potratçy bolan “Çalyk Enerji” türk kompaniýasy gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň iýulynda girişdi. Taslamanyň gurluşygyny 2018-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak maksat edinilýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine Amerikanyň “General Electric” kompaniýasy hem gatnaşýar.
Bu desganyň ulanmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ägirt uly kärhanasy bolan Mary DES-iň umumy kuwwaty iki esse ýokarlanar. Onuň düzüminde 30-40 ýyl mundan ozal herekete girizilen energiýa toplumlarynyň 7-si bar. 2014-nji ýylda 149,2 megawatt kuwwatlylygy bolan gazturbina elektrik stansiýasy ulanmaga berildi. Munuň özi DES-iň umumy kuwwatlylygyny 1500 megawatta çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi.