2016-njy ýy­lyň 8-nji no­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len pre­zi­dent saý­la­wyn­da ýe­ňiş ga­za­nan ABŞ-nyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp ka­sam ka­bul edip, res­mi taý­dan we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. Ýur­duň ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­niň jo­gap­kär­çi­li­gi­ni ozal­ky Pre­zi­dent Ba­rak Oba­ma­dan ka­bul edip alan 45-nji Pre­zi­dent Do­nald Tram­pyň we­zi­pe­si­ne gi­riş­mek da­ba­ra­sy Wa­şing­ton şä­he­rin­de ge­çi­ril­di.
Hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi hem-de met­bu­ga­ty 20-nji ýan­wa­ra uly sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­dy. Ýur­duň paý­tag­ty Wa­şing­ton­da bir­nä­çe gün öňün­den ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy­na gu­ra­ma­çy­lyk ýag­da­ýyn­da taý­ýar­lyk gö­rül­di.
ABŞ-da eý­ýäm 200 ýyl­dan bä­ri ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy şol bir dü­zü­len ter­tip­de ge­çi­ril­ýär. Ýyl­la­ryň do­wa­myn­da onuň kä­bir bö­lüm­le­ri­ne üýt­ge­şik­lik­ler gi­ri­zil­di.
Il­ki bi­len, Do­nald Tramp hem-de onuň orun­ba­sa­ry Maýkl Pens üçin Ak Ta­myň go­la­ýyn­da­ky yba­dat­ha­na­da di­ni da­ba­ra ge­çi­ril­di. Soň­ra Ba­rak Oba­ma we aýa­ly, Do­nald Tram­py we onuň aýa­ly Me­la­ni­ýa Tram­py Ak Tam­da ça­ýa ça­gyr­dy. Soň­ra olar bi­le­lik­de aw­tou­lag ker­we­ni bi­len Ka­pi­to­li­ýa (Kong­re­siň bi­na­sy) geç­di­ler. Bu ýer­de ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy ge­çi­ri­lip, il­ki­baş­da 16 ýaş­ly aý­dym­çy Je­ki Iwan­ko ta­ra­pyn­dan ABŞ-nyň döw­let gim­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Soň­ra di­ni ýol­baş­çy­lar çy­kyş et­di­ler. Şon­dan soň, il­ki bi­len ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti­niň orun­ba­sa­ry Maýkl Pens we Do­nald Tramp ka­sam ka­bul et­di­ler.
Pre­zi­dent Tramp ozal­ky döw­let Baş­tu­tan­la­ryn­dan Aw­ra­am Lin­kol­nyň we­zi­pe­si­ne gi­riş­mek da­ba­ra­syn­da ula­ny­lan hris­ti­an­la­ryň mu­kad­des ki­ta­by bo­lan In­ji­le hem-de öz eje­si ta­ra­pyn­dan 1955-nji ýyl­da sow­gat edi­len In­ji­le eli­ni go­ýup, ýo­ka­ry döw­let we­zi­pe­si­ni ak ýü­rek­den ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi ba­ra­da ka­sam et­di.
Soň­ra ol we­zi­pe­si­ne gi­ri­şen­di­gi ba­ra­da öz çy­ky­şy­ny ama­la aşyr­dy. Tramp çy­ky­şy­ny özi taý­ýar­lan ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň 3-sin­den bi­ri­dir. 1789-njy ýyl­da Jorj Wa­şing­ton­dan bä­ri ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­syn­da edil­ýän çy­kyş ýur­duň tä­ze ýol­baş­çy dü­zü­mi­niň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri hök­mün­de ka­bul edi­lip, äht­na­ma ýa­ly mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di. Iň gys­ga çy­kyş 135 söz­den yba­rat bo­lup, ol Jorj Wa­şing­to­na de­giş­li­dir. Uzak wagt­lap çy­kyş eden döw­let Baş­tu­ta­ny bol­sa, 1841-nji ýyl­da we­zi­pä gi­ri­şen Wil­ýam Gen­ri Har­ri­son ha­sap­lan­ýar.
Da­ba­ra­nyň çäk­le­rin­de har­by ýö­riş hem gu­ral­dy. Onuň dü­zü­min­de har­by or­kestr, at­ly­lar to­pa­ry we beý­le­ki go­şun gul­luk­çy­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da geç­di­ler. Da­ba­ra­ly ýö­ri­şe 8 mü­ňe go­laý adam gat­na­şyp, oňa ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Ak Ta­myň mün­be­rin­den to­ma­şa et­di. Ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy giç ag­şa­ma çen­li do­wam et­di. Kon­sert we dür­li şow­hun­ly çy­kyş­lar hem-de baý­ram­çy­lyk fe­ýer­wer­ki ge­çi­ril­di.
Da­ba­ra­nyň esa­sy myh­man­la­ry sy­ýa­sat­çy­lar, jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri, dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ozal­ky döw­let Baş­tu­tan­la­ry bol­dy. Oňa ABŞ-nyň 39-njy Pre­zi­den­ti Jim­mi Kar­ter, 42-nji Pre­zi­den­ti Bill Klin­ton we aýa­ly Hil­la­ri Klin­ton, 43-nji Pre­zi­den­ti Jorj Bu­şuň ki­çi­si gat­naş­dy.