Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Si Szinpin 2017-nji ýylyň 15-18-nji ýanwary aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynda resmi saparda boldy. Hytaýyň hem-de Şweýsariýanyň döwlet ýolbaşçylary Sýurih şäherinden ýurduň paýtagty Bern şäherine ýörite otly bilen geldiler.
Si Szin­pin bu sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ýur­duň Da­wos şä­her­ji­gin­de ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä Yk­dy­sa­dy Fo­ru­my­na (Da­wos sam­mi­ti) gat­naş­dy. Si Szin­pin bu ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki yk­dy­sa­dy mas­la­hat­da öz ýur­du­na we­kil­çi­lik eden il­kin­ji döw­let Baş­tu­ta­ny­dyr. Mun­dan ozal­ky mas­la­hat­la­ra hö­kü­met baş­ly­gy, onuň orun­ba­sa­ry ýa-da mi­nistr­ler gat­naş­ýan eken­ler. Hy­taý 1971-nji ýyl­dan bä­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän Da­wos sam­mi­ti­ne 1979-njy ýyl­dan bä­ri gat­naş­ýar.
Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pin Şweý­sa­ri­ýa sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da bu ýur­duň Pre­zi­den­ti Do­ris Loýt­hard bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­di. Döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň işe­wür dü­züm­le­ri bi­len du­şu­şyk bol­dy. Onuň çäk­le­rin­de çy­kyş eden Si Szin­pin 67 ýyl mun­dan ozal, ýo­la goý­lan hy­taý-şweý­sar gat­na­şyk­la­ry­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni, hu­su­san-da söw­da we yk­dy­sa­dy ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­di­gi­ni bel­le­di.
Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de gol çe­ki­len yla­la­şyk­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra tä­ze iter­gi ber­jek­di­gi­ni bel­län Si Szin­pin öz ýur­du­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty ba­ra­da gür­rüň ber­di.
Şweý­sa­ri­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Do­ris Loýt­hard bol­sa öz ge­ze­gin­de Hy­ta­ýyň Azi­ýa yk­ly­myn­da­ky iň uly yk­dy­sa­dy hyz­mat­da­şy­dy­gy­ny bel­läp, Gün­ba­tar­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň Hy­ta­ýyň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýet de­re­je­si­ni il­kin­ji yk­rar eden ýurt­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le hem ol hy­taý­ly hyz­mat­daş­lar bi­len iki ýur­duň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny bel­le­di.
Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy 2017-nji ýyl­da­ky il­kin­ji da­şa­ry ýurt sa­pa­ry­ny Şweý­sa­ri­ýa ama­la aşyr­dy. Ol Pe­kin bi­len Ber­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi üçin örän uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di. Iki­ta­rap­la­ýyn er­kin söw­da hem-de äh­lu­mu­my söw­da ul­ga­my­ny gi­ňelt­mekde yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy. Şweý­sa­ri­ýa Hy­taý bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la go­ýan, şeý­le hem iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy stra­te­gik de­re­jä çy­ka­ran Ýew­ro­pa­nyň il­kin­ji döw­let­le­ri­niň bi­ri­dir.
Hy­taý hem Şweý­sa­ri­ýa bi­len gat­na­şyk­la­ry­na uly äh­mi­ýet ber­ýär. Şweý­sa­ri­ýa Ýew­ro­pa­nyň esa­sy ýurt­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ýur­duň çä­gin­de köp san­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň mer­ke­zi bi­na­la­ry ýer­leş­ýär we hal­ka­ra de­re­je­sin­de dür­li ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Že­ne­wa şä­he­rin­dä­ki eda­ra bi­na­sy, Bü­tin­dün­ýä Yk­dy­sa­dy Fo­ru­myň, Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň eda­ra bi­na­la­ry ýer­leş­ýär.