Geçen ýyl ABŞ Mars bilen bagly taslamalaryna has köp üns berip başlapdy. Ýewropanyň Kosmos agentligi ESA bolsa, Aýyň ýüzünde oba gurmak üçin taslama taýýarlady. ESA-nyň bu taslamasy “Space 4.0” diýlip atlandyrylýar we oňa edaranyň ýolbaşçysy Johann-Ditriç Wörner gözegçilik edýär. “Space 4.0” taslamasyna isleg bildirýän hususy kompaniýalar hem goşant goşup bilýär. Johann-Ditriç Wörner dünýä derejesinde iş alyp barýan 22 hususy kompaniýanyň oňa goşant goşmagy bilen işleriniň has hem ýeňilleşendigini aýdýar. 10,3 milliard ýewrolyk “Space 4.0” kosmos edarasynyň beýleki taslamalarynyň hem depgininiň güýçlenmegine ýardam eder. Taslama diňe kosmos pudagynda iş alyp barýan kompaniýalar däl, binagärlik şereketleri hem goşant goşýar. Angliýanyň dünýä belli “Foster + Partners” potratçy kompaniýasy Aýda guruljak obanyň taslamasyny taýýarlaýar. Şeýle hem bu firma ol ýerdäki gurluşyk işleriniň ählisini ýerine ýetirmegi öz üstüne aldy. Aýda haýsydyr bir bina gurmak isleýän diňe ýewropalylar däl, Hytaý, Russiýa, Ýaponiýa we Hindistan hem Aýda beket gurmak isleýär. Emma häzirki wagtda ESA-nyň bu taslamasy has öňde barýar. Aýda we Ýeriň goňşusy Marsda beket gurmak islenilmegi ýöne ýerden däl. Geljekde ol ýerde kosmodrom gurlup, kosmos giňişligine has köp aralaşmak maksat edinilýär.
Häzirki wagtda Ýeriň daşyndan aýlanýan kosmos bekedinde hemişe kosmonawtlar bolup, ylmy işlerini dowam etdirýärler. Edil şolar ýaly, Aýda we Marsda hem ylmy işleri ýerine ýetirmek üçin laboratoriýalaryň we beketleriň peýda boljakdygy aýdylýar.