Kosmos pudagynda iş alyp barýan hususy eýeçilige degişli dünýäniň iň uly firmasy “Space X”-iň “Falcon 9” raketasy emeli hemralary uçuranyndan soňra, sag-aman ýere gondy. Kaliforniýadaky Wandenburg kosmodromyndan uçurylan raketa “Iridium Communications” şereketiniň 10 sany emeli hemrasyny orbita ugratdy. Raketanyň iň aşaky bölegi uçurylanyndan 8 minut soňra, Ýuwaş ummanyndaky bellenen platforma gondy. “Space X” adatça bir gezeklige niýetlenen raketalary gaýtadan ulanmak isleýär we munuň üçin yzygiderli tejribe geçirýär. Geçen ýylyň sentýabryndaky uçuş şowsuz tamamlanypdy. “Falcon 9” raketalary Halkara kosmos bekedine ýük gatnatmak üçin hem peýdalanylýar. NASA-nyň birnäçe gezek ulanmaga niýetlenen howa gämileriniň 2011-nji ýylda möwritini tamamlamagy bilen häzirki wagtda kosmosa kosmonawt goýbermek üçin diňe Russiýanyň “Soýuzyndan” peýdalanylýar. “Boeing” we “Space X” kompaniýalarynyň adam gatnatmaga hem niýetlenen kosmos gämilerini çykarmagy bilen, NASA özbaşdak uçuşlary hem amala aşyryp biler.