Dünýäniň iň kynçylykly sporty hasaplanýan Dakar Rallisiniň 38-njisi tamamlandy. 9-njy ýola Günorta Amerika yklymynda geçirilen ýaryş 12 günläp dowam etdi. 12 tapgyryň 2-si howa şertleriniň oňaýsyzlygy we tebigy hadysalar sebäpli geçirilmedi. Paragwaýyň merkezi Asunsiondan bat alan ýaryş Boliwiýanyň topraklaryndan geçip, Argentinanyň paýtagty Buenos Aýresde tamamlandy. Umumulykda, gatnaşan 300-den gowrak sürüji 8782 kilometrlik ýol geçdiler. Çöllük, batgalyk, baýyrlyk ýerlerde geçirilen ýaryşda bu ýyl ilkinji gezek UTV ulaglarynyň sürüjileri-de bäsleşdiler.
13-nji çempionlygyny gazandy
Soňky tapgyra çenli örän dartgynly dowam eden ýeňil awtoulaglaryň arasyndaky ýaryşda ýene-de geçen ýylky ýaly fransiýaly Stefan Peterhansel ýeňiji boldy. “Pežo” toparynyň wekili Dakar Rallisindäki 13-nji çempionlygyny gazandy. Ol partnýory Žan-Pol Kottre bilen bilelikde, WRC-niň 9 gezek ýeňijisi fransiýaly Sebastien Lýob – polşaly Daniel Ýelena (“Pežo”) ikisinden öňe saýlanmagy başardy. Soňky 3 tapgyrda has tijenen Peterhansel güýçli bäsdeşinden 5,13 minut öň pellehanadan geçdi. Bu ugurda 3-nji ýeri-de Dakar Rallisiniň tejribeli pilotlaryndan, fransiýaly Siril Depre (“Pežo”) eýeledi. 51 ýaşyndaky Stefan Peterhansel mundan öňem Dakar Rallisiniň ýeňil awtoulaglar ugry boýunça 7 (“Mitsubişi” – 2004, 2005, 2007; “Mini” – 2012, 2013; “Pežo” – 2016, 2017) motosiklde-de 6 (“Ýamaha” – 1991, 1992, 1993, 1995, 1997, 1998) gezek çempion bolupdy.
Motosikl sürüjilerinden Beýik britaniýaly Sem Sanderlend (KTM) ahyry arzuwyna ýetdi. 2012-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýän sürüji 5-nji tapgyrdan soň liderlige geçdi. Netijede, ol hemmeden öňe saýlanyp, 32 minutlyk aratapawut bilen ýeňiji bolmagy başardy. KTM toparynyň sürüjilerinden awstriýaly Mattias Wolkner 2-nji, ispaniýaly Žerar Farres 3-nji orny eýeledi.
Ýene-de “Kamaz”
Ýük ulaglary diýlende, Dakar Rallisinde ilki-ilkiler “Mersedes-Benz”, “Perlini” we “Tatra” toparlary ýeňiji bolýardy. Ýöne 2000-nji ýyldan bäri Russiýanyň “Kamazyna” taý tapylmaýar. Ilkinji çempionlygyny 1996-njy ýylda gazanan “Kamaz” 2000-nji ýyldan bäri geçirilen 17 bäsleşikde 13 sapar 1-nji ýeri eýeledi. Diňe 4 gezek beýleki toparlaryň wekilleri “Iweko” (2), MAN we “Tatra” ýeňiş gazandy. Bu gezekki bäsleşikde-de “Kamaz” toparyndan Eduard Nikolaýew we ýoldaşlary ýokary netije görkezdi. 2013-nji ýylda-da çempionlyk gazanan Eduard Nikolaýew we ýoldaşlarynyň görkezen netijesi 27 sagat 58 minut 24 sekunda deň boldy. 2-nji orny “Kamazyň” başga bir sürüjileri – Dmitriý Sotnikowyň ýolbaşçylygyndaky topar eýeledi. Ýük ulaglaryň arasyndaky ýaryş diýseň çekeleşikli geçip, 3-nji ýere gollandiýaly Jerard de Rooýyň ýolbaşçylygyndaky topar mynasyp boldy. “Iweko” toparynyň sürüjisi 2012-nji we 2016-njy ýyllarda çempionlyk gazanypdy.
Dakar Rallisi Günorta Amerikada geçirilip başlanany bäri ýaryşa goşulan kuadrasikl ugry boýunça ýene-de “Ýamahanyň” sürüjisi ýeňiji boldy. Bu gezek ilkinji ýola russiýaly pilot münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy. Sergeý Karýakin 39 sagat 18 minut 52 sekuntlyk netije bilen 1-nji ýeri eýeledi. 2014-nji ýylyň çempiony, çilili Ignasio Kasale 2-nji, bu ugurda 5 sapar ýeňiş gazanan Argentina döwletiniň wekili Pablo Kopetti 3-nji orna mynasyp boldy.
Ilkinji gezek şu ýyl sanawa alnan özboluşly UTV ulaglary boýunça braziliýaly sürüjiler – Leandro Torres bilen Louriwal Roldan (“Polaris”) ikisi 1-nji ýeri eýelediler. Ilkinji tapgyrlarda 2–3-nji bolan brazil pilotlary 5-nji tapgyrdan birinjilige geçdiler we ýaryş tamamlanýança-da orunlaryny saklamagy başardylar. Olaryň görkezen netijesi 54 sagat 01 minut 50 sekunda deňdir. Hytaýly Wang Fužiang bilen Li Wei 2-nji, russiýaly Rawil Maganow bilen Kirill Şubin 3-nji ýeri eýeledi.