Du­şen­be gü­ni, ýag­ny 23-nji ýan­war­da 2019-njy ýyl­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de ge­çi­ril­jek 17-nji Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň 3-nji saý­la­ma tap­gy­ry­nyň bi­je­le­ri çe­ki­ler. Mälim bolşy ýaly, 1–2-nji saý­la­ma tap­gy­ry­nyň oýun­la­ry 2018-Rus­si­ýa Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry hök­mün­de ge­çi­ril­ipdi. Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy 2-nji saý­la­ma tap­gy­ryn­da “D” to­par­ça­da çy­kyş e­dip, 3-nji or­ny eýe­läp­di we pleý-off oý­nu­ny ge­çir­mez­den, Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň 3-nji saý­la­ma tap­gy­ry­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­za­nyp­dy. Öňü­miz­dä­ki hep­dä­niň il­kin­ji gü­ni Abu Da­bi­de şol 3-nji tap­gy­ryň bi­je aty­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler. Oňa ýur­du­my­zyň ýy­gyn­dy­sy 2-nji tor­ba­dan gat­na­şar. FI­FA-nyň soň­ky sa­na­wy­na gö­rä, dü­zü­len bu tor­ba­la­ryň bi­rin­ji­sin­de Ior­da­ni­ýa­nyň, Oma­nyň, Fi­lip­pin­le­riň, Bah­reý­niň, Gyr­gy­z Respublikasynyň, De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň mil­li to­par­la­ry bar. 2-nji tor­ba­da Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len bir ha­tar­da, Hin­dis­ta­nyň, Pa­les­ti­na­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Wýet­na­myň hem-de Gon­kon­gyň ýy­gyn­dy­la­ry jem­len­ýär. 3-nji tor­ba­dan Mal­diw­le­riň, Li­wa­nyň, Ýe­me­niň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Hy­taý Taý­pe­ýi­niň we Mýan­ma­nyň to­par­la­ry, 4-nji tor­ba­da­nam Ma­laý­zi­ýa­nyň, Sin­ga­pu­ryň, Kam­bo­ja­nyň, Ne­pa­lyň, Bu­ta­nyň hem-de Ma­kau­nyň ýy­gyn­dy­la­ry gat­na­şar. Bu 24 ýy­gyn­dy 6 to­par­ça paý­la­nar. Her to­par­ça­da her ýy­gyn­dy bir-bi­ri bi­len 2 ge­zek (öz meý­dan­ça­syn­da, myh­man­çy­lyk­da), jemi 6 du­şu­şyk ge­çi­rer. Ne­ti­je­de, iň köp utuk alan­la­ryň 2-si BAE–2019 Azi­ýa Ku­bo­gy­na gat­na­şmaga hukuk gazanar. To­par­ça­da­ky du­şu­şyk­la­ryň 5-si 2017-nji ýyl­da, ga­lan bi­ri-de 2018-nji ýyl­da oý­na­lar. Ýag­ny 28-nji mart­da, 13-nji iýun­da, 5-nji sent­ýabr­da, 10-njy okt­ýabr­da, 14-nji no­ýabr­da hem-de gel­jek ýy­lyň 27-nji mar­tyn­da ge­çi­ri­ler.
17-nji Azi­ýa Ku­bo­gy­na je­mi 24 ýy­gyn­dy gat­na­şar. Ola­ryň 12-si bel­li bo­lup, ga­lan 12 ýer üçin 3-nji saý­la­ma tap­gy­ry ge­çi­ri­ler. Ýer eýe­si BAE gu­raý­jy hök­mün­de gö­nü­mel gat­naş­sa, Ka­ta­ryň, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Tai­lan­dyň, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň, Awst­ra­li­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Si­ri­ýa­nyň, Yra­gyň, Hy­ta­ýyň hem-de Eý­ra­nyň ýy­gyn­dy­la­ry 2-nji saý­la­ma tap­gy­ryn­da şow­ly çykyş edip, final tapgyryna pe­tek alypdylar.

I TOR­BA: Ior­da­ni­ýa, Oman, Fi­lip­pin­ler, Bah­reýn, Gyr­gy­z Respublikasy, Demirgazyk Ko­re­ýa
II TOR­BA: Hin­dis­tan, Pa­les­ti­na, Tä­ji­gis­tan, Wýet­nam, Gon­kong, TÜRK­ME­NIS­TAN
III TOR­BA: Mal­diw­ler, Li­wan, Ýe­men, Ow­ga­nys­tan, Hy­taý Taý­pe­ýi, Mýan­ma
IV TOR­BA: Ma­laý­zi­ýa, Sin­ga­pur, Kam­bo­ja, Ne­pal, Bu­tan, Ma­kau