Dik du­ra­ny­myz­da, otu­ra­ny­myz­da, ýö­rä­ni­miz­de be­de­ni­mi­ziň, bil oňur­ga­my­zyň gös–gö­ni bol­ma­gy ýaş­ly­gy­myz­da edi­nen en­dik­le­ri­mi­ze bag­ly­dyr. Oňur­ga­my­zyň gy­şyk ös­me­gi, öňe ta­rap egik bol­ma­gy, küý­ker­me­k şol en­dik­le­ri­mi­ziň ne­ti­je­si­dir.
Ýaş aý­ra­tyn­ly­gy­my­za gö­rä, sport bi­len meş­gul­la­nyp, myş­sa­la­ry­my­zy we bo­gun­la­ry­my­zy güýç­len­dir­me­gi­miz ge­rek. Ar­ka­my­zyň, bi­li­mi­ziň we boý­nu­my­zyň myş­sa­la­ry­nyň güýç­len­me­gi­ni üp­jün ed­ýän sport gör­nüş­le­ri be­de­ni­mi­ziň nä­sag ös­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. My­sal üçin, suw­da ýüz­mek spor­ty oňur­ga­my­zyň sag­dyn bol­ma­gy­na oňaý­ly tä­sir ed­ýär.
Mek­de­be gi­de­ni­miz­de içi ki­tap­ly sum­ka­my­zyň agyr­ly­gy hem be­de­ni­mi­ziň dik­li­gi­ne oňaý­syz tä­sir ed­ýär. Şol se­bäp­li mek­de­be gi­de­ni­miz­de, di­ňe şol gün ge­çil­me­li ders­le­re de­giş­li ki­tap­lar­dyr dep­der­le­ri al­ma­ly. Eg­ni­mi­ze at­ýan sum­ka­my­zyň de­ňag­ram­ly bol­ma­gy üçin ony iki eg­ni­mi­ziň or­ta­syn­da du­rar ýa­ly ulan­ma­ly. Eger-de äkit­me­li ki­tap­dyr dep­der­le­ri­miz köp bol­sa, on­da ti­gir­li­je sum­ka­lar­dan peý­da­lan­maly.
Mek­dep­de her ders­den soň, ara­kes­mä çy­ky­lan­da, ýö­riş edip, bi­li­mi­zi ýaz­ma­ly.
Komp­ýu­te­riň ba­şyn­da otu­ra­ny­myz­da otur­yşy­myz­da­ky ka­da­la­ra-da üns ber­me­li. Dik otur­ma­ly.
Gö­zü­miz­dä­ki nä­saz­lyk­la­ry­ňam otu­ryş şe­ki­li­mi­ze tä­sir ed­ýän­di­gi­ni unut­ma­ly däl­di­ris.
Agamyrat Nazarow
sumkaly-çagaPedagog/Psiholog
“Zaman-Türkmenistan”