Suw­da ýüz­mek dür­li ýaş­da­ky her bir ada­myň meş­gul­la­nyp bil­jek sport­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Aý­ra­tyn hem, ýaş­ly­gy­myz­da suw­da ýüz­mek spor­ty bi­len meş­gul­lan­ma­gy­myz be­de­ni­mi­ziň sag­dyn ös­me­gi­ne, gan aý­la­ny­şy­gy­my­zyň ka­da­ly we ýü­re­gi­mi­ziň sa­gat bol­ma­gy­na uly tä­sir ed­ýär.
Suw­da ýüz­mek be­de­ni­mi­ziň äh­li ag­za­sy­nyň saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi bi­len, bo­ýu­my­zyň ka­da­ly ös­me­gi­ne, myş­sa­la­ry­my­zyň çe­ýe bol­ma­gy­na, oňur­ga­my­zyň dog­ry ös­me­gi­ne we süňk­le­ri­mi­ziň ber­ke­me­gi­ne gol­daw ber­ýär. Bu sport bi­len meş­gul­lan­ýan­lar köp­lenç so­wuk­la­ma ýa­ly ke­sel­ler bi­len az ke­sel­le­ýär­ler.
Suw­da ýüz­mek psi­ho­lo­gik taý­dan ada­my ra­hat­lan­dy­ryp, şäh­di­ni aç­ýar. Aý­ra­tyn hem, ça­ga­la­ryň ukyp­la­ry­ny, özü­ne bo­lan yna­my­ny güýç­len­di­rip, ders­le­rin­de ba­şar­jaň bol­ma­gy­na elt­ýär.
Na­har­la­na­ny­myz­dan iki sa­gat soň, suw­da ýüz­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Aç gar­na ýüz­me­giň zy­ýa­ny ýok. Ýö­ne be­de­ni­mi­ziň der­le­mek­den ýa­ňa ýi­ti­ren su­wu­ny ka­da­laş­dyr­mak ze­rur­dyr. Ýog­sa, kel­leagy­ry, ýa­daw­lyk we ýal­ta­lyk ýa­ly ýag­daý­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy müm­kin.
Suw­da ýüz­mek ça­ga­lar üçin hem gy­zyk­ly, hem-de peý­da­lydyr.
Agamyrat Nazarow
Pedagog/Psiholog
“Zaman-Türkmenistan”