Diýarymyzda bagtyýar zamanamyzyň ajaýyp keşbini has-da gözel görnüşe getirýän döwrebap binalaryň we desgalaryň gurluşygyna uly üns berilýär. Şonuň netijesinde, bu ulgamyň işi has-da kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berlen we üstünlikli dowam etdirilýän taslamalaryň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň gurmak, döretmek baradaky arzuwlary hasyl boldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp ymaratlaryň, döwrebap zawodlaryň, fabrikleriň, senagat kärhanalarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet öýleriniň, lukmançylyk merkezleriniň, stadionlaryň, bedenterbiýe hem-de sagaldyş toplumlarynyň, seýilgähleriň, awtoulag ýollarynyň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Olaryň hil taýdan ýokary derejeli binalardygy milli Liderimiziň gurluşyk pudagynyň işini kämilleşdirmek baradaky aladalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Okgunly özgerýän paýtagtymyzyň, şäherlerimiziň we obalarymyzyň ösüşini gurulýan dürli maksatly desgalaryň taslamalarynda görmek bolýar. Paýtagtymyzda guralan Halkara gurluşyk sergisi türkmen obalarynyň hem-de şäherleriniň geljegine göz aýlamaga, özboluşly we geljegi uly taslamalara baha bermäge mümkinçilik döretdi. Indi ençeme ýyl bäri paýtagtymyzda guralýan giň gerimli sergiler ýurdumyzda öňdebaryjy gazanylanlary durmuşa giňden ornaşdyrmaga, dürli pudaklarda öňdebaryjy dünýä tejribesini peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Gurluşyk senagatyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwletimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu ugurda işleýän hususy kompaniýalarynyň okgunly ösmegi bilen bir hatarda, milli gurluşyk senagatyna maksadalaýyk ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar sanlyja ýyllarda bu möhüm pudagy düýpli özgertdi. Ak mermere beslenen türkmen paýtagty munuň aýdyň mysaly bolup, bu ýerde häzir ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň iri taslamalary, ägirt uly Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy, ulag we jemagat düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri giň gerimde dowam edýär.
Türkmenistan möhüm ähmiýetli pudaga innowasiýalary ornaşdyrmak bilen, öz geljegini gurýar, ykdysady ösüşiniň binýadyny tutmak bilen durmuş we ynsanperwer ulgamlaryny ösdürýär. Paýtagtymyzda geçirilen nobatdaky gurluşyk sergisi ýurdumyzda we onuň çäklerinden alyslarda özüne aýratyn gyzyklanma döretdi. Şeýle-de paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk sergisi gurluşyk senagatynda işleýän öňdebaryjy kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ähmiýetli gepleşikler meýdançasyna öwrüldi.
Sergä baran adamlar Türkmenistanda köpugurly maýa goýum – gurluşyk işleriniň ýagdaýy we geljegi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Ol soňky ýyllarda Türkmenistanda gurluşyk senagatynyň okgunly ösüşini kesgitlän ädimleriň üstünlikli bolandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuş ugurlylygyny nazara almak bilen, ýeňillikli karzlary bermegiň çäklerinde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň, uly şäherlerde we alysda ýerleşýän obalarda döwrebap durmuş desgalarynyň gurluşygyna ägirt uly serişdeler gönükdirilýär. Netijede, eziz diýarymyzyň baş şäheri gözel Aşgabat özüniň owadan, belent ymaratlary bilen dünýäni haýrana goýýan bolsa, welaýatlarymyzda gurlan we gurluşygy dowam edýän binalar häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli babatda durnukly ösüşi başdan geçirýändigini nygtamaga mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiziň uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlarynyň miwesi bolan «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasyna», Aşgabat şäherini gurmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyz bu günki gün gurluşyk pudagynda döwrebap ösüşleri başdan geçirýär.
Türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimize alyp barýan işlerinde hemişe üstünlikleriň we rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!
Meretgül Taganmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.