Görnüşi çe­kirt­gä ça­lym­daş at­ba­kar, ýag­ny baş­ga­ça ady hu­da­ýa­ty be­den taý­dan in­çe, uly göz­li, kel­le­si üç­burç şe­ki­lin­de bo­lup, du­ran ýe­ri­niň reň­ki­ne gö­rä, öz reň­ki­ni üýt­ge­dip, şol birwagt­da kel­le­si­ni iki ta­ra­pa-da öw­rüp bil­ýän ýe­ke­-täk jan­dar­dyr.
Ol örän ýu­waş he­re­ket ed­ýär­, em­ma ýe­ri ge­len­de uçup bil­mek uky­by­na hem eýedir­. Boý­y 5-13 sm ara­ly­gyn­da­dyr. Awa çy­kanyn­da, go­ra­nan­da, hü­jüm eden­­de öň aýak­la­ry­ny ýo­ka­ry gal­dyr­ýan­ly­gy se­bäp­li “hu­da­ýa­ty” la­ka­my­ny alyp­dyr­.
Mör-mö­jek­ler onuň esa­sy iý­miti bo­lup, ösüm­lik­ler­i az ulanýar. Ol doý­ma­gy bil­me­ýär, ne­ti­je­de, yzy­gi­der­li aw göz­le­gin­de bol­ýar­. Zä­her­li jan­dar­la­ra hem to­pul­mak­dan gork­ma­ýar­. Aw­ awla­mak üçin bir­nä­çe sa­gat gy­myl­da­man du­rup bil­ýär­.
At­ba­kar­yň iň uly duş­ma­ny ga­ryn­ja­lar­. Ol to­par ýag­da­ýyn­da­ky ga­ryn­ja sü­rü­si­ne go­wy ol­ja bo­lup bil­ýär. Atyz­lar­da­ky zy­ýan­ly mör-mö­jek­le­riň ýok edil­me­gin­de uly äh­mi­ýe­te eýedir­. Adam­la­ra hiç hi­li zy­ýan ber­me­ýär­.
Olar, esa­san hem, ýy­ly we tro­pi­ki ho­wa şert­le­rin­dä­ki ýurt­lar­da ýa­şa­ýar­lar. Ýu­murt­ga­lan­­da ki­çi­jik kap­su­la­da 100 – 200 tö­we­re­gi ýu­murt­ga taş­la­ýar­. Ömrüniň uzyn­ly­gy bir möw­süm­dir.