Köçelerdäki ilkinji ýol yşygy 1868-nji ýylda Londonda peýda bolupdyr. Ony iňlis inženeri Jon Pik Naýt oýlap tapypdyr. Iňlis parlamentiniň binasynyň öňünde oturdylan ilkinji ýol yşyklary mehaniki görnüşde bolupdyr: onda herekete getiriji gaýyş arkaly reňkli signallar üýtgäpdir. Munuň üçin onuň gapdalynda polisiýanyň ýörite ýol gözegçisi nobatçylyk edipdir.
Ýol yşyklary işe girizilmezinden ozal, bu barada Londonyň gazetlerinde jikme-jik düzgünler çap edilip, ýolagçy ýaşyl we gyzyl çyralaryň hem-de beýlekileriň nämäni aňladýandygyny ilkinji gezek bilipdirler. Basym bu enjam reňkleriň üýtgeýşi gijelerine hem görner ýaly gaz fonary bilen abzallaşdyrylypdyr. Emma bu täzelik ilkinji ýol yşygynyň ykbaly üçin ýowuz bolupdyr. Bir gezek fonar partlapdyr we golaýynda duran polisiýa işgäri ýaralanypdyr. Şondan soňra, takmynan, ýarym asyrlap, ýol yşyklarynyň taryhynyň arasy üzülipdir.
Köçe–ýol hereketiniň awtomatik sazlaýjysynyň täzeden döreýşi 1914-nji ýylda Amerikanyň Kliwlend şäherinde, binäçe wagtdan soň, Çikagoda we Nýu-Ýorkda bolup geçýär. Ýol yşyklary elektrik togy bilen işläp, ol diňe gyzyl we ýaşyl reňkli bolup, her çalşykda ses bilen duýduryş beripdir. Sary reňk 1918-nji ýylda goşulypdyr.
Ýol yşygy Fransiýada 1923-nji ýylda Parižde Grands köçesi bilen Strasburg köçesiniň çatrygynda ulanylmaga başlanypdyr.
Russiýada ilkinji ýol yşygy 1924-nji ýylda Kuzneskiý köprüsi we Petrow köçesiniň çatrygynda oturdylypdyr. Bu abzal uzak wagtlap el bilen dolandyrylyp, soň-soňlar tehnikanyň ösmegi bilen oňa awtomatik dolandyrylyş usullary ornaşdyrylypdyr.
1990-njy ýylyň ortalaryndan başlap, has ýagty we reňki has arassa çyralar öndürilmäge başlandy. Elbetde, ýol yşyklary munuň bilen hem çäklenmän, has-da kämilleşdirildi. Mysal üçin, Koreýada batyllara niýetlenen sesli duýduryş beriji ýol yşyklary öndürildi. Bu önüm gysga wagtda Ýewropa hem giňden ýaýrady. Sürüjileriň we pyýadalaryň arasyndaky ýol hereketiniň düzgünlerini kadalaşdyrýan ýol yşyklarynyň giňden ulanylmagy ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna getirýär.