San­la­ýyn teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, bank işi­ni hem kä­mil­leş­dir­ýär. Ma­li­ýe pu­da­gy bu teh­no­lo­gi­ýa­ny iň köp ulan­ýan ugur­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň peýdalan­ýan teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň kä­bi­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­me­gi mü­wes­sa bil­dik.
Elekt­ron gap­jyk­lar
“App­le Pay”, “And­ro­id Pay”, “Mas­ter­pass”, “Micro­soft Wal­let” we “Sam­sung Pay” ýa­ly elekt­ron gap­jyk­lar mo­bil tö­le­gi üçin peý­da­la­nyl­ýar. Müş­de­ri­niň mag­lu­mat­la­ry­nyň mo­bil en­ja­myn­da­ky elekt­ron gap­jy­ga ýaz­dy­ryl­ma­gy bi­len, her ge­zek tö­leg tö­le­nen­de bank kar­ty­na ze­rur­lyk du­ýul­ma­ýar. Tö­leg ge­çir­mek üçin di­ňe müş­de­ri­niň bar­mak yzy­ny bas­ma­gy ýe­ter­lik. Bu ozal­ky usul­lar­dan has yg­ty­bar­ly bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Da­ky­nyl­ýan tö­leg en­jam­la­ry
Smart­fon­lar, bi­le­zik­ler, hat­da pen­jek­ler hem tö­leg tö­le­mek­de u­la­nyl­ýar. “Ju­ni­per Re­se­arch” bar­lag şe­re­ke­ti­niň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, mo­bil we da­ky­nyl­ýan en­jam­lar ar­ka­ly ama­la aşy­ry­lan tö­leg­le­riň möç­be­ri­niň 2018-nji ýyl­da 95 mil­liard dol­la­ra ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da mo­bil abzallar ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän tö­leg­ler sa­gat­la­ryň kö­me­gi bi­len amala aşyrylýar.
Sa­ty­jy­syz dü­kan­lar
“Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy go­laý­da “Ama­zon Go” at­ly sa­ty­jy­syz dü­ka­ny­nyň il­kin­ji şa­ham­ça­sy­ny aç­dy. Müş­de­ri­ler dü­kan­dan ge­rek­li za­dy­ny alyp, ýö­ri­te sen­sor­la­ra “oka­dan­la­ryn­dan” soň­ra çy­kyp gaý­dy­ber­me­li. Ýö­ri­te ul­gam al­nan ha­ryt­la­ryň pu­lu­ny müş­de­ri­niň ha­sa­byn­dan al­ýar.
Ban­ko­ma­ty el­le­mez­den pul al­mak
Bir­nä­çe bank ban­ko­mat­lar­dan kart­syz pul al­ma­gyň usul­la­ry­ny ýo­la goý­dy. NFC atly ul­gam­da kartyň ýa-da smartfonyň bankomata go­laý­laş­dy­rylmagy bilen, islendik bank işini amala aşyryp bol­ýar.
Mo­bil ban­ko­mat
Adat­ça, adam­lar pul al­mak üçin ban­ko­ma­ta gid­ýän bol­sa, kä­bir bank­lar pul çek­mek is­le­ýän müş­de­ri­niň sal­gy­sy­na ban­ko­ma­ty äki­dip ber­ýär. Pol­şa­da iş alyp bar­ýan “Idea Bank” hem şo­lar­yň bi­ri. Bank bu hyz­ma­ty­ny 2015-nji ýyl­dan bä­ri ama­la aşy­ryp, onuň müş­de­ri­le­ri gü­nüň is­len­dik wag­tyn­da ban­ko­mat­ly ula­gy öz sal­gy­sy­na ça­gy­ryp bil­ýär.