Tehnologiýanyň ösmegi diňe gündelik durmuşymyzy ýeňilleşdirmeýär, eýsem, kosmosy has içgin öwrenmäge ýardam edýär. Emeli hemralar diňe aragatnaşyk maksatly däl, eýsem, howanyň ýagdaýyny, ýylyň nähili geljekdigini, ummanlardaky suwuň derejesini, näçeräk hasyl alyp boljakdygyny çaklamaga ýardam edýär. Golaýda kosmosa uçurylan, meteorologiýa ýagdaýyny öwrenmäge ýardam edýän GOES-16 ilkinji suratlaryny ýere ugradyp başlady. 15 minutdan bir gezek surata alýan hemra ony ABŞ-nyň Umman we atmosfera milli edarasyna (National Oceanic and Atmospheric Administration) iberýär. Ol mundan ozalky emeli hemralardan ýygy-ýygydan we ýokary hilli surata düşürýändigi bilen tapawutlanýar. Şekilleriň durulygy gowy bolansoň, şol wagtdaky howanyň ýagdaýyny anyk bilip bolýar hem-de geljegi bilen bagly çaklamalar has takyk bolýar.
Ýerden 35 müň metr beýiklikde öz orbitasyndan aýlanýan emeli hemra ýakynda işe girizilen hem bolsa, onuň mundan soňky tapgyrlary hem işlenip taýýarlanýar. Geljek ýyllarda GOES-S atly ýene bir hemra uçurylar. 2030-njy ýyla çenli häzirkiden başga-da jemi 3 sany GOES-S hemrasy uçurylar.