So­si­al saýt “Facebook” mag­lu­mat mer­ke­zi­ni Da­ni­ýa­da gur­mak­çy­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ber­len be­ýa­nat­da ýur­duň te­bi­gy şert­le­ri­niň we aras­sa ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy­na gol­daw ber­ýän­di­gi se­bäp­li saý­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di. ABŞ-nyň da­şyn­da­ky üçün­ji mag­lu­mat mer­ke­zi bol­jak bu des­ga Oden­se şä­he­rin­de gur­lar. Da­ni­ýa­da sarp edil­ýän ener­gi­ýa do­lu­ly­gy­na ýel tur­bi­na­la­ry ar­ka­ly üp­jün edil­ýär. Hat­da 2015-nji ýyl­da ýurt al­ter­na­tiw çeş­me­ler­den alan ener­gi­ýa­sy­ny eks­port hem edip­di. “Facebook”-yň mag­­lu­mat mer­ke­zin­de 100-den gow­­rak adam zäh­met çe­ker. Ol Ir­lan­di­ýa­da­ky we Şwe­si­ýa­da­ky mag­lu­mat mer­kez­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lar.
“App­le” kom­pa­ni­ýa­sy hem Da­ni­ýa­nyň Wi­borg şä­he­rin­de mag­lu­mat mer­ke­zi­ni gur­ýar. Onuň şu ýyl açyl­jak­dy­gy aýan edil­di.