Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýyl Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diý­ lip yglan edilipdi. Halkymyzyň maddy däl medeni gymmatlyklary, edebi we taryhy çeşmeleri giňden öwrenilip, dünýä ýaýyldy. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň we pähim-paý­ hasynyň netijesinde amal edilen bu işler halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaş­ magynda, bagtyýar raýatlarymyzyň, kalplary belent ruhly ýaşlarymyzyň ata Watana, ene topraga, ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýollaryna bolan çäksiz hormatynyň artmagynda uly ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda Orta asyr binagärliginiň ajaýyp ýadygärliklerinde dikeldiş işleri hem üstünlikli alnyp barylýar. Amuldan Horezme barýan kerwen ýolunda müň ýyl töweregi mundan ozal gurlan Daýahatyn kerwensaraýynda dikeldiş işleriniň birinji tapgyry tamamlandy. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goş­ mak üçin teklip edilen Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmegiň indiki tapgyrlarynyň wezipeleri kesgitlendi. Ýaponiýanyň Miho muzeýi bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasynda Türkmenistanyň ýadygärliklerini öwrenmek we rejelemek boýunça gol çekilen Memorandumynyň çäklerinde Köneürgenjiň ýadygärliklerini rejelemek boýunça bilelikdäki işiň başlanýandygy barada Ylalaşyga gol çekildi. Ýapon kärdeşleri bilen Türkmenistanyň taryhymedeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirliginiň işgärleri bilelikde orta asyrlarda bina edilen kümmetleriň gümmezleriniň, hususan-da, Köneürgenjiň gadymy ýadygärlikleriniň diwarlaryna örtülen plitkalarynyň syrçalarynyň düzümini öwrenmäge girişildi. Türkmen-fransuz we türkmen-rus arheologik toparlaryň bilelikdäki işleriniň netijesinde, toplumyna Namazgadepe, Altyndepe, Ulugdepe, Garadepe şäher siwilizasiýasynyň bütin dünýä meşhur arheologiýa ýadygärlikleri girýän Abiwerd döwlet taryhymedeni goraghanasynda köpsanly arheologik tapyndylaryň üsti açyldy. Şol tapyndylar gadymy ýaşaýyş toplumlaryň taryhyny açýar. Käbir bölegini, şol sanda gadymy keramikanyň täsin nusgalaryny öwrenenlerinden hem-de dikeldenlerinden soň, goraghananyň işgärleri bu tapyndylary Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyna berdiler.

Milli Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, dünýä medeniýetiniň altyn ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň birnäçe medeni we taryhy gymmatlyklary ÝUNESKO tarapyndan beýik ykrarnama eýe boldy. 1999-njy ýylda gadymy Merwiň, 2005-nji ýylda Köneürgenç we 2007-nji ýylda Nusaý ýadygärlikler toplumynyň, 2015-nji ýylda “Görogly” dessançylyk sungatynyň bu halkara guramasynyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilenligi munuň aýdyň mysalydyr. ÝUNESKOnyň Efiopiýada geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň mejlisinde Nowruz baýramynyň däp-dessurlarynyň bu halkara guramanyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilenligi hakyndaky hoş habar älem-jahana ýaýyldy. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň, onuň özgerdijilik ýörelgesiniň netijesi bolup durýar. Munuň özi türkmen halkymyzyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn we çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri açýan milletleriň ählumumy hyzmatdaşlygyna Türkmenistanyň has-da ýakynlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Arkadag Prezidentimiz tarapyndan badalga berlen bu ajaýyp ýö­ relge köptaraply ylmy alyş-çalyşlary ösdürmäge ýardam edýär hem-de bilimleriň häzirki zaman ulgamy bilen ysnyşykly özara gatnaşykda milli medeniýetiň, bilimiň we ylmyň ösüşiniň ugurlaryny kesgitleýär.