Ben­zin we di­zel ýan­gyç­ly ulag­lar her nä­çe köp hem bol­sa as­lyn­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry ön­dür­mek o di­ýen kyn däl. Soň­ky ýyl­lar­da ýaý­ran hem bol­sa, elekt­ro­kar­lar as­lyn­da ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da ön­dü­ri­lip­di. Ýo­ka­ry hil­li ba­ta­re­ýa­la­ryň art­ma­gy bi­len bu ulag­lar has köp ýaý­ra­dy. Dür­li ýurt­lar­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň ön­dü­ril­me­gi­ne we sa­tyn alyn­ma­gy­na be­ril­ýän gol­daw bu ugur­da iş alyp bar­ýan tä­ze şe­re­ket­le­riň dö­re­me­gi­ne ge­tir­di. Dö­re­di­le­ni­ne köp wagt geç­me­dik “Na­noF­lowcell” at­ly şe­re­ket hem az wagt­da ýo­ka­ry hil­li tä­ze ulag­la­ry dö­retdi. “Na­noF­lowcell” 2014-nji ýyl­da Že­ne­wa­da ge­çi­ri­len aw­tou­lag ser­gi­sin­de “Quant e-Li­mu­zin” mo­de­li­niň nus­ga­lyk gör­nü­şi­ni köp­çü­li­ge gör­ke­zip­di. Şe­re­ke­tiň hü­när­men­le­ri bu ýyl “40Volt” at­ly tä­ze mo­de­li taý­ýar­la­dy­lar. Öňü­miz­dä­ki mart­da ge­çi­ril­jek Že­ne­wa ser­gi­sin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zil­jek elekt­ro­kar­da has ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ulag­da “bi-ION” at­ly ul­gam otur­dy­lyp­dyr. Şeý­le hem su­wuk elekt­ro­lit teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. Bu tä­ze ma­şy­nyň daş­ky gur­şa­wa hiç hi­li zy­ýa­ny­nyň ýok­du­gy aý­dyl­ýar. Ol bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len müň ki­lo­metr ýol ge­çer. Kuw­wat­ly ulag­da je­mi dört sa­ny he­re­ket­len­di­ri­ji bar. “Quant 40Volt” sa­gat­da 100 ki­lo­metr tiz­li­ge ba­ry-ýo­gy 2,4 se­kunt­da ýet­ýär. Bu gör­ke­zi­ji gys­ga wagt­da ýo­ka­ry tiz­li­ge ýet­mek­de dün­ýä­niň iň ýyn­dam ula­gy “Fa­ra­day Fu­tu­re FF91” mo­de­lin­den ba­ry-ýo­gy 0,1 se­kunt az. Onuň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi bol­sa, sa­gat­da 300 ki­lo­met­re ýet­ýär. Lih­tenş­teýn­de 2013-nji ýyl­da dö­re­di­len şe­re­ke­tiň ula­gy­nyň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­niň nä­wagt ýo­la go­ýul­jak­dy­gy he­niz aý­dyl­ma­dy.