Hindistanyň “Tata” kompaniýasy 4-5 ýyl mundan ozal, dünýäniň iň kiçi awtoulagyny işläp taýýarlapdy. Soňky ýyllarda kompaniýa “Tamo” ady bilen has ýokary tizlikli ulagy satuwa çykarmagyň aladasyny edýär. Golaýda bu taslamanyň çäklerinde öndürilen ilkinji awtoulag köpçülige hödürlendi. “Tata Motors”, aslynda öňki ýyllarda hem ýokary tizlikli ulaglary öndüripdi. Kompaniýa 2000-nji ýylda Ženewada geçirilen awtoulag sergisinde “Aria Roadster”, 2001-nji ýylda “Aria Coupe” atly sport modelleriniň nusgalyk görnüşini tanyşdyrypdy. Emma olaryň köpçülikleýin önümçiligi ýola goýulmady. Kompaniýanyň “Tamo” bölümi “Futuro” ady bilen ulag öndürer. Bu iki orunlyk ulagdan bary-ýogy 250 sanysy öndüriler. Daşky şekili “Opel”-iň “Speedster” modeline meňzeş boljak ulagyň kuwwaty 180 at güýjüne barabar. Hereketlendirijisiniň göwrümi 1,2 litr bolan sport ulagynyň argamy 800 kilogram. Onuň agramynyň ýeňil bolmagy üçin alýuminden we plastmassadan has köp peýdalanylypdyr. Onuň işlenip taýýarlanmagynda “Alfa Romeo Alfetta”, “BMW 5”, “Bugatti EB110”, “Ferrari Dino 308GT4” ýaly kuwwatly ulaglaryň dizaýnyna goşant goşan Marsello Gandini hem goldaw beripdir. “Tamo Futuro”-nyň nusgalyk görnüşi geljek aý Ženewada geçiriljek awtoulag sergisinde köpçülige görkeziler. Ulagyň 2018-nji ýylyň ikinji ýarymynda satuwa çykaryljakdygy habar berildi.