Birleşen Arap Emirliklerinde has köp ýagyş ýagmagy üçin emeli dagyň döredilmegi üçin alada edilýär. Ýurtda häzire çenli iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilipdi. Dubaýda kenardan birnäçe metr uzaklykda emeli adalar, emeli kanal we rekord beýiklikde bina gurlupdy. Ýylyň dowamynda diýseň az ýagyş ýagýan sebitde ygalyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen, emeli dagyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Tebigatda ýagynyň ýagmagy üçin Ýeriň ýüzi bilen ýagynyň emele gelýän ýeriniň arasynda gyzgynlyk derejesiniň tapawutly bolmagyna we ýeterlik mukdarda çyglylyga zerurlyk duýulýar. Bulutlar daglara we depelere baryp ýetenlerinde ýokary galýarlar we has dykyzlaşyp ýagyn emele gelýär. Häzirki wagtda BAE-de bu tebigy hadysanyň emeli usulda dörediljek dag arkaly ýüze çykmagy üçin ylmy işler alnyp barylýar. Taslamanyň çäklerinde ABŞ-nyň “Corporation for Atmospheric Research” uniwersiteti we “National Center for Atmospheric Research” ylmy merkezleriniň hünärmenleri ylmy işleri alyp barýarlar. Olar, ilkinji nobatda, dagyň ýerini we onuň howanyň ýagdaýyna nähili täsir etjekdigini anyklarlar. Emeli dag üçin sarp ediljek harajadyň bahasy hasaplanandan soňra onuň gurlup, gurulmajakdygy barada netijä gelner.