Elektroulag öndürmekde dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýasy hasaplanýan ABŞ-nyň “Tesla” kompaniýasynyň “Model 3” atly täze ulagy beýlekilerden has arzan bolar. Doly zarýad berlende, 215 mil (346 km) ýol geçip bilýär. Ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan ulagy öňünden sargyt etmek üçin 100 dollar tölemeli. Elektroulagy has köp müşderä ýetirmek isleýän kompaniýa täze ulagy barada giňişleýin maglumat berdi. Kaliforniýa ştatynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda şereketiň ýolbaşçysy Elon Musk ulagyň bahasynyň 35 müň dollardan başlajakdygyny belledi. Ulagyň öňümizdäki ýylyň ahyrynda müşderilere ýetiriljekdigi habar berildi. Muskuň aýtmagyna görä, “Tesla 3” dünýäniň iň ygtybarly ulaglarynyň biri. Ondan almak üçin öňünden pul tölemek gerek. Ulag sagatda 100 kilometr tizlige 6 sekuntda çykýar. Ulagyň käbir görnüşleri bu tizlige has gysga wagtda ýeter. Onuň geçip biljek iň uzak aralygy 346 kilometr diýlip tanyşdyrylan hem bolsa, müşderilere hödürlenjek elektromobilleriň bir gezekki zarýad bilen gidip biljek ýolunyň has uzak bolmagyna garaşylýar. “Model 3” “Tesla”-nyň gysga wagtda zarýad berýän “Supercharging” ulgamyna gabat gelýär. 2017-nji ýylda bu ulaglar ýollarda peýda bolan mahaly 7 müň 200 “Supercharge” beket peýda bolar. Şeýlelikde, elektroulaglara zarýad berýän beketleriň sany häzirkiden iki esse köp bolar. “Model S”-de bolşy ýaly, “Model 3”-iň hem yzky tigirleri we ähli tigiri aýlanýan iki görnüşi bolar. Maşynyň içinde 15 dýuýmlyk kese ýerleşdirilen ekran bolar. Musk ulagyň adaty ulaglara garanyňda, ýük ýüklemek üçin has köp ýeriniň boljakdygyny aýtdy. “Tesla”-nyň häzirki wagtda bar bolan “Model S” we “Model X” modelleri gymmat bahaly bolandygy sebäpli hemmeler üçin elýeterli hasaplanmaýar. Elektroulaglara berilýän ýeňilliklere garamazdan bu ulagyň ABŞ-daky bahasy 100 müň dollar töweregi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy awtoulag satuwyny häzirkisinden 10 esse köpeltmek maksady bilen arzan ulagy işläp taýýarlandyklaryny belledi. “Tesla” geljek ýylyň ahyryna çenli satuw we hyzmat edýän çägini iki esse giňeltmegi maksat edinýär.
Amerikan kompaniýasynyň täze ulagy “Audi A4”, “Mercedes C” we “BMW 3” ýaly ulaglaryň bäsdeşi bolar. Täze ulag Kaliforniýanyň Frimont şäherindäki önümçilik desgasynda amala aşyrylar. “Tesla” her ýylda 500 müň ulag öndürmegi maksat edinýär. Täze ulagyň has köp satylmagy üçin Braziliýa, Günorta Afrika, Irlandiýa, Hindistan, Günorta Koreýa, Täze Zelandiýa, Singapur we beýleki birnäçe ýurtdan sargyt kabul edilip başlandy. Bu ulagyň eýýäm 276 müňüniň sargyt edilendigi mälim edildi.